Türkmen hem daşary ýurt talyplary himiýa boýunça internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen hem daşary ýurt talyplary himiýa boýunça internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti himiýa boýunça Halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyrylýar.

Ýokary okuw mekdebiň resmi web saýtynda habar berlişi ýaly, şu ýylyň 20-nji martyndan başlap, 20-nji apreline çenli oňa gatnaşmaga isleg bildirýän talyplar hasaba alnar.

Halkara olimpiada uniwersitetiň bilim resmi portalynyň moodle meýdançasynda onlaýn görnüşde türkmen, rus we iňlis dillerinde özbaşdak hem-de toparlaýyn geçiriler.

Özbaşdak tapgyr iki dereje boýunça geçiriler. Onuň birinji derejesinde himiýa ugrundan, ikinji derejesinde bolsa oňa ugurdaş bolmadyk ugurlardan bilim alýan talyplar gatnaşarlar. Olimpiada her ugur boýunça bäş talyp gatnaşdyrylýar.

Himiýa dersinden başarnykly talyplaryň bäsleşigi 4-nji maýda geçiriler, şol gün hem bäsleşigiň jemi jemlener. Halkara olimpiadanyň ýeňijilerine mynasyp bolan orunlaryna görä, 20-nji maýda diplomlar gowşurylar.

Ýene degişli makalalar

Belarusda berýoza şiresini ýygnaýarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Zonguldakda metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Milli öndürijiler — ykdysadyýetiň daýanjy
Garaşsyzlyk müdimilik mukaddeslik!
Halas ediji robot
SpaceX şereketi birbada 143 hemrany kosmosa uçurdy