Türkmen Ilçihanasy Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdebi gurdurar

Türkmen Ilçihanasy Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdebi gurdurar

Şu gün türkmen diplomatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde, türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwerlik däplerine hem-de Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp we doganlyk täjik halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky (Duşenbe şäheri) Ilçihanasyna Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdebiň binalar toplumyny gurmak barada Döwlet gurluşyk hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we mekdebiň binalar toplumyny 2024-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ SAMMITI GEÇIRILÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Täjigistanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep gurlar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Emomali Rahmonyň arasyndaky gepleşikler
Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW BILEN PREZIDENT EMOMALI RAHMONYŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER
Türkmenistan Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdep gurar