Türkmen ilçisi Astanada Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Türkmen ilçisi Astanada Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Rejepow duşenbe güni Astanada L. N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň rektory Ýerlan Sydykow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ylym-bilim ugurlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şeýle hem bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasy habar berdi.

Mundan başga-da, resmiler ýaşyl wodorod öndürmegiň we IT ulgamynda hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýeti boýunça bilelikdäki gözleg işinde taraplaryň özara gatnaşyklary barada pikir alyşdylar.

L. N. Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersiteti Gazagystanyň milli ylmy barlag uniwersiteti bolup, ol Astana şäherinde iň uly ýokary okuw jaýydyr.

Ýene degişli makalalar

Astanada Türki akademiýasynyň ylmy neşirleri hödürlendi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Türkmenistanyň ilçihanasy Almatyda bilim alýan türkmen talyplar bilen duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň ilçihanasy Almatyda bilim alýan türkmen talyplar bilen duşuşyklary geçirdi
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Gazagystan we Türkmenistan transport koridorlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak barada ylalaşdylar