Türkmen ilçisi NATO-nyň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Türkmen ilçisi NATO-nyň Baş sekretaryna ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow ýurduň NATO-daky wekiliýetiniň başlygy hökmünde NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberge ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy ýekşenbe güni habar berdi.

Dabaranyň çäginde Türkmenistan bilen NATO-nyň arasynda duşuşyk gurnalyp, onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu duşuşygyň barşynda bilelikdäki işiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Mundan başga-da, taraplar bilim pudagynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar we iki tarap üçin hem ileri tutulýan ugurlarda gatnaşyklary has-da berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Ilçi Sapar Palwanow hemişelik Bitaraplyga, asudalyga, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we demokratiýa esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgelerine ünsi çekdi. Şeýle hem ilçi Türkmenistanyň harby doktrinasynyň diňe goranyş häsiýetine esaslanyp, ýurduň dünýä howpsuzlygyna, parahatçylyga, milli bähbitleri goramaga we öz harby howpsuzlygyny üpjün etmäge ygrarlydygyny tassyklaýandygyny aýtdy.

NATO-nyň Baş sekretary Merkezi Aziýada, esasan hem sebitdäki durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselesinde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy. Şeýle-de Ýens Stoltenberg Türkmenistanyň Owganystana ynsanperwer kömegini bermekdäki möhüm ornuny belläp geçdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan: Geosyýasy wakalar Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynyň nähili möhümdigini görkezýär
NATO-nyň Parlament Sammiti Stambulda geçiriler
Putin: Rus esgerleri NATO tarapyndan ýaraglanan we goldanylýan agressiw güýç bilen ýüzbe-ýüz bolýar
Hakan Fidan Ankara sammitinden öň Şwesiýada geçiriljek NATO gepleşiklerine gatnaşar
Tramp Ankarada geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine gatnaşmagy meýilleşdirýär
Rubio: “Tramp Türkiýede geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine gatnaşar”