Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmen ilçisi Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň mejlisiniň wekilleri bilen duşuşdy. Duşuşyk beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Tokiodaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Bu çärä Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endo, Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň baş sekretary, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Geňeşçiler palatasynyň agzasy Simpeý Masusita hem-de ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekillerini Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Bu çäre 11-nji oktýabrda Aşgabatda guralar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon parlamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýaponiýanyň parlament wekiliýeti Türkmenistana geler
15-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Daşary ýurt raýatlaryny Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY