Türkmen karateçileri Ispaniýada geçirilen dünýä çempionatynda üç medal gazandylar

Türkmen karateçileri Ispaniýada geçirilen dünýä çempionatynda üç medal gazandylar

Ispaniýanyň Kambrils şäherinde geçirilen adaty karate boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri bir kümüş we iki bürünç medal gazandylar.

En-bu jübüt çykyşynda Selim Muratdurdyýew we Nurgeldi Annagurbanow kümüş medallaryň eýeleri boldular. Kumite boýunça şahsy bäsleşiklerde Selim Muratdurdyýew türkmen ýygyndysynyň hasabyna bürünç medal getirmegi başardy. Ýene bir bürünç medaly türkmen türgenleri toparlaýyn kumite bäsleşiginde gazandylar, bu ýerde Hemra Begjanow, Kemal Ataýew, Selim Muratdurdyýew we Eziz Zekerýaýew dagy tapawutlandylar.

Ispaniýada geçirilen çempionata dünýäniň 17 ýurdundan jemi 500-den gowrak türgen gatnaşdy. Çempionatyň bäsleşiklerinde Türkmenistanyň ýygyndysyna 10 karateçi wekilçilik etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
"Altyn asyr" "Ist Bengal" ýeňip AFK-2 Çempionlar ligasynyň topar tapgyryna çykdy
Türkmenistanly karateçiler dünýä çempionatynda dört medal gazandylar
Türkmenistanyň adaty karate ýygyndysy Merkezi Aziýanyň çempionatynda 9 medal gazandy
TÝL ― 2023: 9 golly duşuşykda Altyn asyr Aşgabatdan üstün çykdy
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medalyny döretmek hakyndaky Kanuna gol çekdi, Aşgabatda Ýaşulularyň halkara güni bellenildi, türkmenistanly kuraş ussatlary Aziýa oýunlarynda iki medal gazandylar we beýleki habarlar