Türkmen kompaniýalary Astana şäherinde gazak hyzmatdaşlary bilen ylalaşyklara gol çekdiler

Türkmen kompaniýalary Astana şäherinde gazak hyzmatdaşlary bilen ylalaşyklara gol çekdiler

Astana şäherinde 24-nji iýunda geçirilen gazak-türkmen işewürlik forumynyň çäklerinde türkmen we gazak kompaniýalary ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekdiler. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň resmi metbugaty habar berýär.

Forum Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Galymjan Koýşybaýewiň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň gatnaşmagynda geçirilen ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gazak hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde geçirildi. Çärä 40-a golaý türkmen kompaniýasy we 100-e golaý gazak kompaniýasy gatnaşdy.

Forumyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.Olaryň arasynda “QazTrade” Söwda syýasatyny ösdürmek merkezi paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ähtnama, elektron söwda ulgamynda gazagystanly “Silk Way Asia Trade” jogapkärçiligi çäklendirilen şereketi bilen türkmen kompaniýalary “Hazar Logistik” hojalyk jemgyýeti we “Gama” hojalyk jemgyýetiniň arasynda ylalaşyk we maýa goýum-gurluşyk pudagynda “Ashra Solutions” TОО bilen “Ojar Aziýa” hususy kärhanasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyk bar.

Mejlisiň dowamynda özara söwda öýlerini döretmek, sanly söwdany ösdürmek hem-de haryt dolanyşygyny artdyrmak boýunça ýol kartasyny ylalaşmak meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrligine salgylanyp, "Report" agentliginiň Gazagystandaky býurosy habar berdi.

Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň maglumatlaryna görä, soňky bäş ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy iki esse artdy we 530 million ABŞ dollaryndan geçdi. Şol döwürde Gazagystanyň Türkmenistana eksporty 50 göterim ýokarlanyp, 316,3 million ABŞ dollaryna ýetdi. Türkmenistanyň Gazagystana eksporty bolsa 215,8 million ABŞ dollaryna deň boldy.

2026-njy ýylyň ýanwaraprel aýlarynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 180 million ABŞ dollaryna barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7 göterim ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
Kolumbiýada harby uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde azyndan 66 adam ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Tagtabazar we Änew sil suwlaryndan ejir çekýär: Jaýlara, köçelere, ownuk mallara we ekerançylyga zeper ýetdi
Diňle: Tagtabazar we Änew sil suwlaryndan ejir çekýär: Jaýlara, köçelere, ownuk mallara we ekerançylyga zeper ýetdi
Huawei Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy