Türkmen küştçüsi baýrak gaznasy 75 müň dollarlyk ýaryşa gatnaşýar

Türkmen küştçüsi baýrak gaznasy 75 müň dollarlyk ýaryşa gatnaşýar

Türkmenistanly küştçi Saparmyrat Atabaýew Daşkent şäherinde geçirilýän halkara küşt ýaryşyna gatnaşýar. Prezident kubogy diýlip atlandyrylýan bu ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 75 müň amerikan dollaryna barabardyr.

S.Atabaýew 21-nji noýabrda, ýaryşyň ilkinji gününde azerbaýjanly küştçi Rawan Aliýew bilen güýç synanyşdy. Bu oýunda gara mallar bilen oýnan türkmen küştçüsi ýarym utuga eýe çykdy.

Ýeri gelende bellesek, Daşkentdäki halkara ýaryşa Türkmenistan bilen bir hatarda, Hindistandan, Hytaýdan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Eýrandan, Azerbaýjandan we Ukrainadan türgenler gatnaşýarlar. Türkmenistanly Saparmyrat Atabaýew bu ýaryşa 17-nji belgide gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
'Prezident gyzlarynyň diplomatiýasy'. Gurbanguly Berdimuhamedow gyzy bilen Azerbaýjana sapar etdi
S.Atabaýaew abraýly ýaryşda ýeňlişsiz ýörüşini dowam etdirýär
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Gurbanguly Berdimuhamedowyň gyzy sebitlere sapar edip, ýurduň syýasat sahnasynda barha işjeňleşýär
Ýeňiş gününi belleýän Türkmenistanda Sowet mirasyna garşy wagyz-nesihat işleri ýaýbaňlanýar