Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen iş maslahatynyň dowamynda milli pulumyzyň satyn alyjylyk ukybyny berkitmegiň Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň esasy maksady bolmalydygyny belledi.
Ýurdumyzyň bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly geçirilen iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň maliýe-ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, maliýe we ykdysadyýet ministri, bank düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň maýa goýumlaryň möçberlerini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabaty diňlendi. Şeýle-de Merkezi bankyň başlygy Gadyrgeldi Müşşikow geçen ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de 2022-nji ýylda meýilleşdirilýän çäreler barada Döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ykdysady ösüşiň ýeterlik derejede ýokary we durnukly bolmagy üpjün edilýändigini belläp, bu görkezijiniň geçen ýylyň netijeleri boýunça 6,2%-e deň bolandygyny aýtdy.
Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda puluň hemişe kadaly hereket etdirilmegi nygtaldy. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda Merkezi bankyň we tutuş bank ulgamynyň esasy wezipesi ykdysadyýetimizde puluň ekwiwalentini saklamakdan we bu ugurdaky ýagdaýlara hemişe gözegçilik etmekden ybaratdyr diýdi.
Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta kärhanalaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurlygy bellenilip, halkara maliýe edaralary, aýratyn-da, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä bank toplumy, Aziýanyň ösüş banky we beýleki maliýe edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edilmelidigi nygtaldy.
Şeýle-de iş maslahatynyň ahyrynda Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda ösdürmegiň strategiýasynda ilata edilýän sanly bank hyzmatlarynyň hilini we gerimini ýokarlandyrmagyň göz öňünde tutulmalydygy aýratyn bellenildi.