Türkmen Lideriniň adyna gutlag hatlary...

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Size hem-de Türkmenistanyň ähli halkyna musulman ymmatynyň sarpa goýýan mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen bagly päk niýetli arzuwlarymy hem-de tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermäge örän şatdyryn.

Biziň umumy ymtylmalarymyz, pugta syýasy erkimiz netijesinde, soňky wagtlarda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga, ýakyn dostluga hem-de doganlyk özbek we türkmen halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyga esaslanan strategik hyzmatdaşlygymyzyň çuňlaşýandygy, okgunly ösdürilýändigi çäksiz begendirýär.

Umumy taryhy, dili, dini hem-de medeniýeti bolan halklarymyz üçin bu mukaddes aýyň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy we raýdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Şu nurana günlerde Beýik Allatagaladan, gadyrly doganym, Size hem-de Siziň ähli ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk dileg edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize iň oňat arzuwlarymy beýan etmek mende uly kanagatlanma döredýär.

Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş dileg edýärin.

Meniň Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Halifa Bin Zaýed Al Nahaýan,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli iň oňat arzuwlarymy iberýärin.

Size saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Abdulla II,

Iordaniýanyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize we türkmen halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, mähirli gutlaglarymyzy hem-de iň oňat arzuwlarymyzy ýollamak biziň üçin uly hormatdyr.

Şu nurana aýda Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk hem-de bagtyýarlyk, doganlyk türkmen halkyna bolsa rysgal-bereket we abadançylyk dileýärin.

Meniň Size çuňňur hormat we sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hamad Bin Isa Al Halifa,

Bahreýniň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize iň oňat arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr we örän uly kanagatlanma döredýär.

Beýik Allatagalanyň Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş eçilmegini dileýärin.

Meniň Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammed Bin Raşid Al-Maktum,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli, Siziň Alyhezretiňize iň oňat arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr we örän uly kanagatlanma döredýär.

Beýik Allatagalanyň Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna hem-de tutuş musulman ymmatyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk, gülläp ösüş eçilmegini dileýärin.

Meniň Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan,

Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, onuň düzüminiň işgärleriniň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize mukaddes Oraza aýy mynasybetli, iň oňat arzuwlarymy hem-de tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy ibermäge şatdyryn.

Gudraty Güýçli Allatagaladan Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini we rowaçlygyny, tutuş musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk hem abadançylyk dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ýusef Al-Osaýmin,

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, doganlyk türkmen halkyna gutlaglarymyzy ibermek bizi begendirýär.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize, türkmen halkyna we tutuş musulman ymmatyna abadançylyk we rowaçlyk dileg edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, saglyk we bagt baradaky iň gowy arzuwlarymyzy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

Ýene degişli makalalar

22.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy
BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine sport welosipedini sowgat ýollady
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
BAE Bilen Gresiýa Energetika Pudagynda Hyzmatdaşlygy Ösdürer
Şa Salman, Baýdeniň Ýurduna Gurajak Saparyndan Öň Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär
Prezident Erdogan Telefon Diplomatiýasyny Dowam Etdirýär