Türkmen Logistika assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Türkmen Logistika assosiasiýasy hem-de Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Rigada geçirilen Latwiýa-Merkezi Aziýa transport-logistika işewürlik forumynyň çäklerinde Türkmen Logistika assosiasiýasy we Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasy özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

Logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, üpjünçilik zynjyrlaryny we halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmekde möhüm bolan häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak, halkara tejribäni öwrenmek üçin halkara bilermenleriň gatnaşmagynda iş maslahatlaryny we duşuşyklary guramak, şeýle hem logistika hünärmenleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak we taýýarlamak boýunça okuw kurslaryny hem-de seminarlary geçirmek Ähtnamanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

1994-nji ýylda esaslandyrylan Latwiýanyň milli ýük ekspeditorlary we logistika assosiasiýasy häzirki wagtda ýurtdaky 30-dan gowrak ulag-logistika kompaniýalaryny, ýük ekspeditorlaryny birleşdirýär.

Edil şonuň ýaly, Türkmen Logistika assosiasiýasy hem Türkmenistanyň ulag-logistika kompaniýalaryny birleşdirip, 150-den gowrak ulag we logistika kärhanasyny öz içine alýan birleşikdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylar
Türkmenistan multimodal üstaşyr ýük daşamalarda rugsatnama bermek boýunça nyrhnamany arzanlatdy
Demirgazyk-Günorta geçelgesinde ýük daşamalarynyň 32 million tonna ýetmegine garaşylýar
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
“Halkara Gatnaw Logistika” kompaniýasy 5PL ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär
Logistikanyň we Halkara forumyň netijeliligi
Logistika ulgamy ykdysady ösüşiň aýrylmaz bölegi