Türkmen lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmeni GDA-nyň bäsleşiginde hormatly atlaryň ikisine mynasyp boldy

Türkmen lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmeni GDA-nyň bäsleşiginde hormatly atlaryň ikisine mynasyp boldy

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diplomdan soňky taýýarlyk we hünär ýokarlandyryş bölüminiň baş hünärmeni Nowruz Myratdurdyýew Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen halkara bäsleşigiň çäklerinde hormatly atlaryň ikisine GDA-nyň iň gowy mugallymy hem-de GDA-nyň iň gowy ýaş alymy diýen atlara mynasyp boldy.

Bilim-orkenieti Milli innowasion ylmy-barlag merkezi hem-de Žana Kazakhstan respublikan innowasion merkezi tarapyndan guralan halkara bäsleşik Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryna gatnaşyjylaryň arasynda zehinli mugallymlary we ýaş alymlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Halkara eminler ylym we bilim ulgamynda türkmen hünärmeniniň gazananlaryna we hyzmatlaryna, onuň okatmakda ulanýan häzirkizaman usullaryna, şeýle hem lukmançylyk nakyllaryny daşary ýurt dillerine terjime etmegiň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy işine ýokary baha berdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça N.Myratdurdyýew I derejeli ýörite diplom, halkara güwänama we döşe dakylýan nyşan bilen sylaglandy.Halkara gözden geçirilişiň çäklerinde gazanylan üstünlik taýýarlygyň ýokary derejesiniň, biziň ýaşlarymyzyň mümkinçiliginiň we bäsdeşlige ukyplylygynyň hem-de türkmen alymlarynyň halkara ylmy giňişlikde eýeleýän orunlarynyň berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Behişdi bedewler atly Täze ýyl sirk çykyşy
Türkmenistanly türgenler adaty karate boýunça Polşada geçirilen halkara ýaryşda iki bürünç medal gazandylar
Türkmenistanyň ýaş innowatorlary Maryda geçirilen startap bäsleşiginde ýaşyl energetika boýunça öz çözgütlerini hödürlediler