
Türkmenistanda iş tapman daşary ýurtlara gidýän türkmen raýatlarynyň arasynda zähmet migrasiýasy üçin goňşy Gazagystany saýlamak islegler barha artýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, wiza almak we serhetden geçmek kynçylyklary-da türkmen raýatlaryny ýolundan saklamaýar.
Türkmenistanlylaryň Gazagystana gidip işlemek islegleriniň artmagyny wiza almaga synanyşýan raýatlaryň sanyndan we serhet geçelgelerindäki ýagdaýdan görmek mümkin.
"Balkan welaýatyndaky gazak konsullygy we Aşgabatdaky gazak ilçihanasy başardygyndan türkmenistanlylara wiza rugsadyny berýärler. Wizalar 30 we 90 günlük çakylyk haty bilen we talyp wizalaryna uzak möhletli almak mümkin. Edil şu wagt wiza almak o dereje mesele däl" diýip çeşmeleriň biri 1-nji iýulda gürrüň berdi.
Başga bir çeşme gazak wizasyna bolan islegleriň artmagy bilen wiza alyp bermegi teklip edýän araçylaryň hem işjeňleşendigini belledi: "Bu ýerde hem bolmanda 100 dollar araçylara para bermek ýaly täze 'türkmençilik' däpleri ulanylýar" diýip, çeşme Türkmenistanda beýleki döwletleriň ilçihanalarynda wiza almak üçin uly nobatlar dörände wiza alyp bermegi teklip edýän ýerli araçylaryň hereket etmegi bilen bagly ýagdaýa yşarat etdi.
Azatlyk Radiosy Gazagystanyň Türkmenistandaky diplomatik edaralarynyň wekillerinden resmi teswir alyp bilmedi, emma Türkmenbaşydaky gazak konsullygynyň websaýtynda göz öňünde tutulan wiza üçin nobata onlaýn ýazylmak mümkinçiligi elýeterli däl.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeler Türkmenistandan Gazagystana barmakda esasy meseläniň wiza däl-de, serhetden geçmekdigini bellediler.
"Müňlerçe balkanly wiza almagy başarsalar-da, Gazagystana barýan guryýer serhet geçelgesinde - Bekdaş serhet gümrük nokadyndan geçmek örän kynlaşdy. Her gün 200 adam serhete barsa, azyndan 120 adam Gazagystana geçmäge rugsat alyp bilmän, yzyna gaýdýar. Serhetde türkmen gümrük-geçiş postunda oturan migrasiýa we gümrükhana ofiserleri dürli bahanalar bilen türkmenistanlylary goňşy döwlete goýbermeýärler" diýip, çeşme gürrüň berdi.
Azatlyga mälim bolan ýagdaýlaryň birinde balkanabatly ýaşaýjy üç aýlyk wizasy bilen serhetden geçjek bolanda ony Gazagystana goýbermändirler. Oňa doganynyň Türkiýede rugsatsyz ýaşaýandygy we şu sebäpden ähli maşgala agzalaryna daşary ýurda çykmaga gadagançylyk girizilendigi aýdylypdyr. Şeýle-de, bolsa serhetçiler bu türkmen raýatyny 500 dollar para bilen geçirmäge taýýarlyk bildiripdir.
"Doganymyň öýi-propiskasy aýry, diňe familiýamyz bir. Men agama jogap bermeli däldirin" diýip, balkanly aýdýar.
Balkanly ýaşaýjylaryň ýene biri Garabogazdaky serhet geçelgesinden goýberilmändigini gürrüň berip, öziniň bankdan alan kreditiniň bardygy üçin geçirilmändigini aýtdy.
Serhetden geçen çeşmeler bolsa, bökdençligiň diňe türkmen tarapynda döreýändigini bellediler.
"Eger türkmen gümrükhanasyndan geçip bilseň, gazak tarapynda 5 minuda ýetmeýär. Olarda býurokratiýa we parahorluga duş gelmedim" diýip, çeşme aýdýar.
Türkmen raýatlarynyň iş gözläp Gazagystana gidýän ýagdaýlary soňky ýylda köpeldi. Türkmenistanlylar bu ýurdy saýlap almagyny wiza we ýol çykdajylarynyň beýleki ýurtlara garanda has elýeterli bolmagy bilen düşündirýärler.
2024-nji ýylda Azatlygyň habarçylary Gazagystana syýahat edýän türkmen raýatlarynyň göz-görtele köpelendigini habar berip, olaryň köplenç Türkmenistanyň günbatar welaýatynyň ýaşaýjylarydygy aýdypdy. Şeýle-de, türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň Gazagystana syýahat edýän raýatlara basyş edýändigi hem mälim bolupdy.
Balkanlylaryň ençemesi her gezek Gazagystandan gelenlerinden soň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň we Döwlet Migrasiýa gullugynyň ýerli edaralarynyň işgärleri tarapyndan soraga çekilýändiklerini gürrüň beripdi.
Mundan öň türkmen migrantlarynyň 15 ýyllap gazanç üçin iň köp barýan ýurdy Türkiýedi. 2022-nji ýylda Türkiýe türkmen raýatlary üçin wizasyz syýahat etmek mümkinçiligini ýatyran soň, türk wizasyny almak kynlaşdy.
Şondan soň türkmen migrantlarynyň arasynda başga ýurtlara, şol sanda Russiýa gidýänleriň sany köpeldi. Emma Ukraina garşy urşy alyp barýan Russiýa baryp-gelmek türkmen raýatlary üçin kynlaşdy.
Soňky ýyllarda türkmen raýatlarynyň uly akymy goňşy Özbegistanda göze ilýär.
Özbegistana dürli maksatlar bilen barýan türkmen raýatlarynyň sany soňky iki ýylda esli köpeldi.
2024-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Özbegistana täjirçilik we söwda maksady bilen baran daşary ýurtlularyň üçden iki bölegi türkmenistanlylar boldy.
“Türkmenportal” neşiriniň Özbegistanyň prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligine salgylanyp çap eden habaryna görä, agzalan döwürde Özbegistana jemi 133,1 müň daşary ýurtly, şol sanda 88,9 müň Türkmenistanyň raýaty barypdyr.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.