TÜRKMEN MILLI SENETÇILIGINI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI WE DÜNÝÄ TEJRIBESI

TÜRKMEN MILLI SENETÇILIGINI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI WE DÜNÝÄ TEJRIBESI

Gadymy türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halyçylyk, zergärçilik, kulalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň mekanydyr.Sungat derejesine ýeten türkmen milli senetçiligini has-da dünýä ýaýmak maksady bilen Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde 2024-nji ýylyň awgust aýynyň 7-ne Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň maddy däl medeni miras müdirliginiň ýolbaşçylygynda Türkmen milli senetçiligini ösdürmegiň meseleleri we dünýä tejribesi atly sergi gurnaldy.

Sergide türkmen milli däp-dessurlarynyň gönezligi bolan el-işlerini, alajalaryny, türkmen milli lybaslaryny, häzirki zaman keşdeçilik sungatynyň ajaýyp eserlerini öý bezeglerinde ulanylýan türkmen nagyşlaryny synlamak bolar.

Türkmen halkynyň asyrlar boýy gelýän baý medeni-mirasyny, gadymy gymmatlyklaryň, milli sungatyny giňden wagyz etmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, belent başlary aman bolsun!

Ýene degişli makalalar

Iň gowy radiogepleşigi saýlamak boýunça ses berlişik başlandy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ DÖWÜRLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ÖZARA ARABAGLANYŞYGY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY ATLY HALKARA FORUMYNDAKY ÇYKYŞY
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ GAHRYMANY, KOSMOS IŞI BOÝUNÇA “ROSKOSMOS” DÖWLET KORPORASIÝASYNYŇ TÄLIMÇI-KOSMONAWT-SYNAGÇYSY, KOSMONAWTLAR TOPARLARYNYŇ SERKERDESI OLEG KONONENKONYŇ GUTLAGY
TÜRKMENISTANDA HALKARA YLMY MASLAHAT WE SERGI GEÇIRILÝÄR
MERKEZI AZIÝA TELEÝAÝLYMYNY WE SEBITLEÝIN MEDIA PLATFORMASYNY DÖRETMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atly halkara sergi geçiriler