Türkmen-özbek serhedinde açyljak täze bazar haryt bilen 'doldurylýar', prezident portretleri bilen bezelýär

Türkmen-özbek serhedinde açyljak täze bazar haryt bilen 'doldurylýar', prezident portretleri bilen bezelýär

Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky serhetde Şawat-Daşoguz söwda zolagynyň açylmagyna taýýarlyk görülýär. Üç ýyl mundan ozal gurlup başlanan bu bazarda görülýän şu günki taýýarlyklar barda Azatlygyň habarçylary Daşoguzdan habar berýärler.

Söwda zolagynyň dynç günlerinde 16-17-njy noýabrda açyljagyna garaşylýandygyny habar berýän ýerli çeşmeler türkmen-özbek serhet ýakasynyň iki tarapyndan hem dabaraly çärelere taýýarlyk görülýändigini aýdýarlar.

"Söwda resmileri taýýarlyk görýärler. Şu günler bazaryň içi harytlar bilen dolduryldy. Bazaryň merkezi girelgesine 'Ýaşasyn türkmen-özbek dostlugy' şygarlary we Şawkat Mirziýoýewiň hem-de Serdar Berdimuhamedowyň uly portretleri milli nagyşlaryň fonunda goýuldy" diýip, çeşmeleriň biri 13-nji noýabrda gürrüň berdi.

Bazaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin dürli barlag enjamlary ýerleşdirilipdir, şeýle-de bu ýerde ýörite türgenleşdirilen neşe maddalaryny anyklaýan itler bilen gorag çäreleri alnyp barylýar.

"Bazar arassa, iki döwletiň sanepidem gulluk lukmanlar bölümi üçin laboratoriýa otagy ýerleşdirilen awtouloglar girip bilýär. Umuman aňrybaşy mümkinçilik döredilipdir, bir kemsiz" diýip, ýene bir daşoguzly çeşme aýdýar.

2022-nji ýylyň oktýabrynda gurlup başlan Şawat-Daşoguz serhet geçelgesindäki söwda zolagynda söwda pawilýonlary, ammar desgalary, konteýner saklama meýdançalary we telekeçiler üçin iş ýerleri ýaly döwrebap infrastrukturanyň bolmagynyň göz öňünde tutulýandygy aýdylypdy.

Emma daşoguzly çeşmeler bu gymmatbaha bazaryň türkmenistanly ilata kadaly hyzmat etmegine kölege salýan birnäçe meseläniň bardygyny aýdýarlar.

Ýerli telekeçi bazarda söwda etmäge diňe saýlanan adamlara rugsat berlendigini aýdýar.

"Türkmen söwdagärlerine bu bazarda söwda etmäge entäk rugsat berilmedi diňe döwlet dükanlarynyň satyjylary ýörite barlaglardan geçen satyjylar bu bazarda satyjy edip, bellendiler. Açylyş günleri alyjylar roluny oýnaýan ýörite gulluk wekilleri taýýarlanyp goýuldy" diýip, çeşme aýdýar.

Başga bir çeşme türkmen tarapynyň bu emeli taýýarlyklarynda we berk gözegçiliginde adaty ýaşaýjylar üçin hiç hili erkinlik berilmeýändigini belleýär.

"16, 17 we 18-nji noýabr günleri iki döwletiň metbugat wekilleri propaganda makalalaryny taýýarlarlar ýöne ýönekeý raýatlaryň peýdasyna hyzmat etjegine daşoguz welaýatynyň halky ynanmaýar.Türkmen tarapy täze bazaryň çäginde mobil aragatnaşygy kesýän enjam ýerleşdirdi, açyklyk we ynam ýok ýerde dostluk we hyzmatdaşlyk uzaga barmaz.

Girip çykmaga dürli býurokratik böwetler ýa-da medeniýetsiz daraýan türkmen esgerleri, gümrük we migrasiýa ofiserleriniň adamlar bilen mylakatsyz bolmaklary bu bazaryň gelejegine kölege salýar" diýip, çeşme öz pikirini mälim etdi.

Türkmenistanyň prezidentiniň Daşoguz welaýatynda türkmen-özbek serhet zolagynda söwda merkezini gurmak baradaky permanynda onuň gurluşygynyň 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlanyp, 2025-nji ýylyň iýul aýynda tamamlanjagy aýdylypdy.

Awgustdyň başynda Özbegistanyň maýa goýum, senagat we söwda ministri Laziz Kudratowyň türkmen tarapy bilen Şawat-Daşoguz söwda zolagyny işletmek barada ylalaşyga gelendigini we desganyň "ýakyn wagtda" açyljagy" özbek mediasynda habar berlipdi.

Özbegistanyň prezidentiniň erkin söwda zolagyny döretmek barada 2024-nji ýylyň fewral aýynda gol çeken permanynda türkmen raýatlaryna we daşary ýurtlylara bu zolakda wizasyz 15 güne çenli galmaga mümkinçilik beriljegi aýdylypdy.

Goňşy Özbegistana söwda maksatly barýan türkmenistanlylaryň sany barha artýar. Özbegistanyň resmi statistikasyna görä, geçen ýylyň 10 aýynyň dowamynda Özbegistana täjirçilik we söwda maksady bilen baran türkmen raýatlarynyň sany 90 müň adama golaý bolupdyr.

Şol bir wagtda, türkmen raýatlarynyň serhetden geçmeginde yzly-yzyna dürli kynçylyklar döreýär. Türkmen serhetçileri tarapyndan goýberilmedik türkmen raýatlary barada ençeme habar çap boldy.

Şu dynç günleri 15-16-njy noýabrda Daşkentde Şawkat Mirziýowyň başlyklygynda sebit ýurtlarynyň liderleriniň we Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň ýedinji maslahat beriş duşuşygy geçiriler. Sammitde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar we köptaraply resminamalaryň toplumyna gol çekiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dabara bilen açylan türkmen-özbek söwda zolagynyň türkmen tarapy ýapyklygyna galýar
Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar
2023-nji ýyl: Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $1 milliarddan geçer
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň iň ýokary döwlet baýragy bilen sylaglanyldy
Türkmenistan we Özbegistan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň toplumyna gol çekdiler
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri “ŞabatDaşoguz” serhetýaka söwda zolagyny açdylar