Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 288 million dollardan gowrak boldy

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 288 million dollardan gowrak boldy

2024-nji ýylyň 4 aýynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 288 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Türkmenistanyň Özbegistana amala aşyran eksportynyň umumy mukdary 257,8 million amerikan dollaryna barabar boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Özbegistanyň importynda 7-nji orny eýeledi.

Hasabat döwründe Türkmenistanyň Özbegistandan import eden harytlarynyň we hyzmatlarynyň umumy bahasy 30,7 million amerikan dollaryna deň boldy. Şunlukda, Türkmenistan Özbegistanyň eksportynda 17-nji basgançakdan ýer aldy.Umumylykda, 2024-nji ýylyň 4 aýynyň dowamynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy 288,5 million amerikan dollaryna deň boldy.

Netijede Türkmenistan Özbegistanyň iň esasy daşary söwda hyzmatdaşlarynyň onlugyndan ýer aldy.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 4 aýynda Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 20 milliard 870 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Şonuň 8 milliard 490 milliony eksportyň, 12 milliard 379 milliony bolsa importyň paýyna düşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Daşkende iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi
Özbegistanyň ilçisi Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy
Ýanwar-aprel: Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $288 milliona deň boldy
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük daşamagyň mukdary 400 müň tonnadan geçdi
Gelip men Hywadan ýörüp