Türkmen raýat jemgyýeti wekilleriniň Wenada duşuşygy boldy

Türkmen raýat jemgyýeti wekilleriniň Wenada duşuşygy boldy

8-nji oktiýabrda türkmen raýat jemgyýetiniň wekilleri Awstriýanyň paýtagty Wenada duşuşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistandaky häzirki ýagdaýlary maslahat etdiler: ýurtda raýat jemgyýetiniň bozulýandygy, daşary ýurtlardaky türkmen raýatlarynyň, ýurtdaky epidemiýa ýagdaýlary (hökümetiň Covid-19 bardygyny ret edýändigi), korrupsiýa, halkara guramalar, maliýe gurluşlar, hökümetler bilen gatnaşyklar we beýleki meseleler barada gürrüň edildi.

Duşuşygyň netijesinde geljekde hem bilelikde Türkmenistandaky sosial-ykdysady ýagdaýlara gözegçilik etmek, adam hukuklarynyň bozulyşyny yzarlamak, ýurtda bolup geçýän wakalara bilelikde reaksiýa bildirmek kararyna gelindi.

Munuň üçin tilsimleriň biriniň jemgyýetçilige maglumatlar bermek, halkara guramalar bilen işleşip, olara açyk hatlar, ýüzlenmeler, beýannamalar ýollamak we konsultasiýa maslahatlaryny geçirmek bolup durýar diýip duşuşyga gatnaşyjylar hasaplaýarlar.

Duşuşyga gatnaşanlar:

-Täjigül Begmedowa– adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy,

-Wiçeslaw Mamedow– Türkmenistanyň raýat demokratik bileleşigi,

–Timur Misrihanow– Türkmenistanyň garaşsyz hukukçylarynyň topary,

-Ruslan Mätiýew– Türkmen News,

-Çemen Öre-Türkmenia bileleşigi topary,

-Farid Tuhbatullin– Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy,

-Ruslan Tuhbatullin– “Türkmenistanyň Hronikasy”,

–Annadurdy Hajyýew- Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy,

-Nurmuhammet Hanamow- “Türkmenistanyň Respublikan partiýasy”.

Şonuň ýalyda, duşuşyga ynsan hukuklary boýunça “Azat Ýewraziýa” guramasynyň wekili Leýla Näzgül Seýitbek we beýleki aktiwistler gatnaşdylar.

The post Türkmen raýat jemgyýeti wekilleriniň Wenada duşuşygy boldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen migrantlary türk deportasiýa merkezinde ýene ýenjildi
Türkiýede türkmen jemgyýetçilik guramasy hasaba alyndy
THF: Türkiýäniň deportasiýa merkezinde türkmen raýatlarynyň ençemesi ýenjildi
Türkmenistanyň raýat jemgyýetiniň wekilleri Wenada duşuşyk geçirdi
Wenada Türkmenistanyň graždan jemgyýetiniň wekilleriniň duşuşygy geçdi
Oppozision blogçy Farhat Durdyýewe Türkiýeden Türkmenistana ugradylmak howpy abanýar