Türkmen režiminiň tankytçysynyň ejesini haj zyýaratyna goýbermediler, ýene-de

Türkmen režiminiň tankytçysynyň ejesini haj zyýaratyna goýbermediler, ýene-de

Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurduň awtoritar dolandyryşyna tankydy garaýan raýatyň 73 ýaşly ejesini Umra hajyny berjaý etmek üçin ýene-de ýurtdan çykarmadylar. Häzir Türkiýede ýaşaýan 50 ýaşlarynyň töweregindäki Hamida Babajanowa türkmen resmileriniň onuň ejesine gaýdyp bu sorag bilen gelmezlik’ barada haýbat atandyklaryny aýdýar. Bu barada “Türkmen Helsinki Fondy” (THF) 24-nji aprelde habar berdi.

Daşogzuň Köneürgenç sebitinden bolan Ýakutjan Babajanowa ýurtdan birinji gezek, ýagny 3-nji aprelde çykarylmandy. Şol pursat, Babajanowa ähli gerekli dokumentleri taýýarlap, tölegleri geçirip, Stambulyň üsti bilen Saud Arabystanyna haj zyýaratyna gitmekçi bolupdy.

Emma Aşgabadyň aeroportundaky migrasiýa işgärleri, düşündiriş bermezden, ony uçara mündürmediler. Ençeme ýyl bäri türkmen režimini tankytlaýan Hamida Babajanowa, türkmen häkimiýetleriniň özünden ar almak üçin, ejesiniň ýoluny böwetländigine ynanýandygyny aýtdy.

Gadagançylykdan soň, Ýakutjan Babajanowanyň ýakynlary Migrasiýa gullugyna bardylar. Ol ýerde oňa “23-nji aprelde ýurtdan çykmaga rugsat beriljekdigi” aýdyldy.

“Syýahatçylyk agentliginiň wekilleri ejeme 22-nji aprelde taýýar bolmalydygy barada duýdurdylar. Olaryň ýurtdan çykmak üçin rugsat sorap Migrasiýa gullugyna iki gezek ýüz tutandygy belli boldy. Ýöne ikinji gezekde olara: şu sorag bilen ýene bir gezek gelseňiz, onda sizi ýok ederis’ diýip jogap gaýtardylar” diýip, Babajanowanyň gyzy Hamida THF gürrüň berdi.

Türkmenistanda daşary ýurt döwletlerine barýan raýatlaryň zerur bolan ähli resminamalary, şol sanda wizalary düzüw bolan halatynda hem, bu ýagdaý kä halatlarda raýatyň daşary ýurt döwletine syýahat etmegine türkmen häkimiýetleri tarapyndan rugsat beriljekdigini aňlatman bilýär. Ýurduň güýç edaralary wagtal-wagtal düşündiriş bermezden raýatlaryň ýurtdan çykmagyny eden-etdilikli gadagan edip bilýär.

Ýakutjan Babajanowanyň meselesini yzarlaýan THF-niň agzasy Annadurdy Hajyýew, Azatlyk bilen söhbetdeşlikde, türkmen häkimiýetleriniň öz hereketleri bilen 73 ýaşly zenanyň konstitusion hukuklaryny bozandygyny belledi.

“Ýakutjan Babajanowanyň meselesi barada aýdylanda, [türkmen häkimiýetleriniň hereketi netijesinde] onuň dini ynanç we hereket erkinligi baradaky konstitusion hukuklary bozuldy.Biz Babajanowanyň maşgalasyna ilki bilen ýurduň içindäki ähli mehanizmleri ulanmagy maslahat berdik. Ýagny näme sebäpden onuň ýurtdan çykarylmaýandygy barada Migrasiýa gullugyny suda bermeli, ombudsmene (adalatça) hat ýazmaly...

Garaz, režimiň basyşlaryna we kemsitmelerine duçar bolýanlar, ilki başda ýurduň içindäki mehanizmleri geçmeli.Mundan soň, biz nobatdaky hereketler barada pikir ederis.Biz öz tarapymyzdan [Ýakutjan Babajanowa bilen bagly] meseläni halkara guramalarynyň dykgatyna ýetirdik” diýip, Hajyýew 27-nji aprelde Azatlyga gürrüň berdi.

Bellesek, Türkmenistandaky meseleler barada açyk çykyş edýän Hamida Babajanowanyň ýurduň içindäki ýakynlaryna, şol sanda gartaşan ejesine ozal-da basyşlar edilipdi.

2020-nji ýylyň iýunynda Hamidanyň ejesi we uly dogany Umar Babajanow Köneürgenç häkimligine (administrasiýasyna) çagyryldy. Olardan Hamidanyň internete girmezligini talap etdiler we öýüne gaýdyp gelen ýagdaýynda, onuň "Watan dönügi" hökmünde tussag ediljekdigini aýdyp, haýbat atdylar.

Hamida şol ýylyň iýulynda Stambulda geçirilen proteste gatnaşandan bir gün soň onuň kiçi uýasy Dilfuza Köneürgenjiň şäher polisiýasyna çagyryldy. Polisiýa Hamidanyň ähli wideoçykyşynyň internetden aýrylmagyny we "çykyşlaryny bes etmegini" talap etdi.

Türkmenistanyň Baş kanunynda raýatlaryň söz azatlygy we hereket erkinligi kepillendirilýär. Şol bir wagtda, adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar Türkmenistanyň hökümetini ýurtda adam hukuklaryny çynlakaý bozmakda, özge pikirli adamlara basyş etmekde yzygiderli tankyt edýär.

Ekspertler Türkmenistanda dünýädäki iň repressiw hökümetleriň biriniň hereket edýändigini, ýurduň içinde hökümete garşy duýga ýol berilmeýändigini we teswirleri Berdimuhamedowlaryň režimini sähel bolsa-da tankytlaýan ýaly hasaplanýan adamlaryň dessine sem edilýändigini aýdýarlar.

“Gürrüňsiz, soňky döwürden bäri režim özüniň tankytçylaryna garşy basyşlaryny güýçlendirdi.Biz muny häzir Türkiýede ýaşaýan aktiwistleriň mysalynda hem görýäris.Näme bolýar?!Olaryň pasportlarynyň möhleti uzaldylmaýar, öýlerine gelinýär...

Häzir bir tendesiýa göze ilýär, ýagny kimdir biri sosial ulgamlarda tankydy bir garaýyşy paýlaşsa, ol şol bada hasaba alynýar.Mundan soň, olaryň ýakynlaryna hem basyş edilip başlanýar.Tejribeden görnüşine görä, olar munuň bilen diňe ýir ýurduň içindäki däl, eýse daşardaky protest hereketleriniň öňüne hem böwet bolmaga synanyşýarlar” diýip, THF-niň agzasy Annadurdy Hajyýew belledi.

Ýöne muňa garamazdan, soňky ýyllarda Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmenler has köp öz pikirlerini beýan edip başladylar. Olar Berdimuhamedowyň hökümetine garşy aç-açan çykyşlaryny dowam etdirýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen režiminiň tankytçysynyň ejesini haj zyýaratyna goýbermediler, ýene-de
Türkmen haj zyýaratçylaryna Berdimuhamedowlaryň saglygyny dilemek tabşyrylýar
Haj zyýaratyna ugradyljak adamlar seljerilýär, korrupsiýa aladalary bildirilýär
Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Altyn asyryň altyn zehinleri atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti prokurorlary wezipä bellemek we boşatmak baradaky Karara gol çekdi