Türkmen-rus söwda dolanyşygy $1 milliarda golaýlady.

2020-nji ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 1 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.Bu barada Russiýanyň wise-premýeri Alekseý Owerçugyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň sişenbe güni Moskwada geçirilen duşuşygynda aýdanlaryna salgylanyp, “TASS” agentligi habar berdi. 2020-nji ýylda Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende 39,6% ýokarlanyp, takmynan 1 milliard ABŞ dollaryna deň boldy.

Russiýanyň eksportynyň möçberi 19,6% ýokarlanyp, importy iki esse artdy.Bu barada Owerçugyň türkmen toparynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynyň jemi boýunça Russiýanyň Hökümetiniň resmi saýtynda çap edilen maglumatda habar berilýär.

Taraplar söwda, ykdysady we sebitara hyzmatdaşlygy hem-de saglygy goraýyş, senagat, ulag, maliýe, bilim ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.Habarda bellenilişi ýaly, 2021-2023-nji ýyllar üçin ýurtlaryň hökümetleriniň arasynda işlenilip düzülýän ykdysady hyzmatdaşlygyň meýilnamasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm faktordygy beýan edildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem Russiýanyň “Rospotrebnadzor” federal gullugy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda “Halkara lukmançylyk, sanitariýa düzgünlerini ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” hökümetara ylalaşyga gol çekdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Transkapitalbank” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi.

Mundan başga-da, Russiýanyň Federal gümrük gullugy bilen Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň arasynda “Özara söwda barada statistiki maglumatlary alyşmak hakynda” Ähtnama, şeýle hem, Russiýanyň Federal gümrük gullugy bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasynda “Geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda” Teswirnama gol çekildi. Şu günler Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Russiýa iş saparyny amala aşyrýar.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň baş diplomaty rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirer we 2-nji aprelde Moskwada GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşar.

Turkmenistan-Russia Trade Turnover Nears $1 Billion.

The trade turnover between Turkmenistan and Russia neared $1 billion in 2020, TASS news agency reported citing the Deputy Prime Minister of the Russian Federation Alexei Overchuk as saying at the meeting of the co-chairs of the Intergovernmental Turkmen-Russian Commission on Economic Cooperation held on Tuesday in Moscow.

Last year, the trade turnover between the countries increased by 39.6% compared to 2019, nearing $1 billion.The volume of Russia’s exports increased by 19.6%, and its imports of Turkmen products doubled, according to the statement issued by the Russian government following the meeting of Overchuk with Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers, Foreign Minister of Turkmenistan Rashid Meredov and Deputy Chairman of the Cabinet of Ministers Serdar Berdimuhamedov.

The sides discussed trade, economic and interregional cooperation, bilateral interaction in the spheres of healthcare, industry, transport, finance and education.The Russian government called the program of economic cooperation between the governments of the countries for 2021-2023 that is under development an important factor in expanding bilateral cooperation, according to the report.

Within the framework of the meeting, the Turkmen and Russian officials signed an intergovernmental agreement on promoting interregional cooperation, an agreement on cooperation in the implementation of the International Health Regulations between the Russian Rospotrebnadzor and the Ministry of Healthcare and Medical Industry of Turkmenistan, and an agreement on cooperation between the State Bank for Foreign Economic Affairs of Turkmenistan and Transcapitalbank PJSC.

During the meeting, a memorandum was signed between the Federal Customs Service of Russia (FCS) and the State Statistics Committee of Turkmenistan on the exchange of statistical data, on mutual trade, and a protocol between the FCS of Russia and the State Statistics Committee of Turkmenistan on the exchange of documents and information on the customs value of goods transported between Russia and Turkmenistan.

The Turkmen delegation led by the Minister of Foreign Affairs of Turkmenistan Rashid Meredov is paying a working visit to Russia.During the visit, Turkmenistan's top diplomat will hold talks with his Russian counterpart Sergei Lavrov and attend a meeting of the CIS Council of Foreign Ministers in Moscow on April 2.

Товарооборот Туркменистана и России составил почти $1 миллиард.

Товарооборот Туркменистана и России составил почти $1 миллиард В 2020 году товарооборот России и Туркменистана составил почти 1 миллиард долларов США. Об этом сообщило во вторник информационное агентство ТАСС со ссылкой на заявление вице-премьера РФ Алексея Оверчука на встрече сопредседателей Межправительственной российско-туркменской комиссии по экономическому сотрудничеству в Москве. В 2020 году товарооборот России и Туркменистана увеличился по сравнению с 2019 годом на 39,6% и составил почти 1 миллиард долларов США. Объем российского экспорта вырос на 19,6%, импорта в два раза. Об этом сообщается на сайте правительства РФ по итогам встречи Оверчука с заместителем Председателя Кабинета Министров, главой МИД Туркменистана Рашидом Мередовым и заместителем Председателя Кабинета Министров Сердаром Бердымухамедовым. Стороны обсудили вопросы торгово-экономического и межрегионального сотрудничества, двустороннее взаимодействие в сферах здравоохранения, промышленности, транспорта, финансов и образования. Согласно сообщению, в правительстве России назвали важным фактором расширения двустороннего взаимодействия разрабатываемую программу экономического сотрудничества между правительствами стран на 2021-2023 годы. В рамках встречи стороны подписали межправительственное соглашение о содействии межрегиональному сотрудничеству, а также соглашение о сотрудничестве в области внедрения Международных медико-санитарных правил между российским Роспотребнадзором и Министерством здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана и соглашение о сотрудничестве между Государственным банком внешнеэкономической деятельности Туркменистана и ПАО Транскапиталбанк. Кроме того, заключены меморандум между Федеральной таможенной службой России (ФТС) и Государственным комитетом Туркменистана по статистике об обмене статистическими данными, о взаимной торговле, а также протокол между ФТС России и Госкомитетом Туркменистана по статистике об обмене документами и сведениями о таможенной стоимости товаров, перемещаемых между Россией и Туркменистаном. Туркменская делегация во главе с министром иностранных дел Туркменистана Рашидом Мередовым находится с рабочим визитом в России. В ходе визита высокопоставленный туркменский дипломат проведет переговоры со своим российским коллегой Сергеем Лавровым и примет участие в заседании Совета министров иностранных дел СНГ, которое состоится в Москве 2 апреля.

Ýene degişli makalalar

MEETING OF THE MINISTERS OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN AND THE RUSSIAN FEDERATION
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СРЕДСТВ МАССОВОЙ ИНФОРМАЦИИ
Briefing in the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan
Turkmenistan and the United Nations are committed to long-term cooperation
Turkmen-Russian high-level negotiations were held in Ashgabat
A PLENARY SESSION "THE ROLE OF NEUTRALITY IN STRENGTHENING PEACE AND SECURITY" WAS HELD AT IIR MFA OF TURKMENISTAN