Türkmen-rus söwda dolanyşygy 11,6 göterim artdy

Türkmen-rus söwda dolanyşygy 11,6 göterim artdy

Şu ýyl Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 11,6 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiniň artmagy Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana söwda akymlarynyň ösmegi bilen baglanyşyklydyr. Muny Rus-türkmen işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Mihail Rumýansewiň sözlerine salgylanyp, nCa portaly habar berdi.

Rumýansewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda rus işewürleriň arasyndas ýüklerini getirmekde we ugratmakda Eýranyň Bender-Abbas deňiz portunyň mümkinçiliklerine gyzyklanma has artýar. Şunuň bilen baglylykda, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň Gündogar şahasynyň ugrunda möhüm orny eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk hem ýokarlanýar.

Şeýle-de, M.Rumýansew häzirki wagtda ýük akymlarynyň aglaba böleginiň türkmen-eýran serhetindäki Sarahs — Sarahs serhet gümrük nokadyndan geçirilýändigini nygtap, şunda iki ýurduň demir ýollaryndaky tapawut sebäpli wagonlaryň tigirlerini çalyşmak zerurlygynyň ýüze çykýandygyna ünsi çekdi.

Bu telekeçiler üçin goşmaça çykdajylary we wagty talap edýär. Netijede bu bökdençlik ýük akymynyň tizligine we mukdaryna hem täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem bu meseläni çözmek babatda degişli işler alnyp barylýar diýip, ol belledi.

Ýeri gelende bellesek, Russiýa Federasiýasynyň RŽD Logistika golaýda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden geçýän şahasynyň üsti bilen Eýrana we Hindistana konteýnerler arkaly unuň eksportyny ýola goýmak mümkinçiliginiň öwrenilýändigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk—Günorta ulag geçelgesinde eksport-import ýükleri üçin nyrhlar arzanlady
“RŽD Logistika” Demirgazyk-Günorta geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň nyrhnamalaryny peseltmegi meýilleşdirýär
“Halkara Gatnaw Logistika” kompaniýasy 5PL ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Dag Ashar kompaniýasy Türkmenistanyň içinde we daşary ýurtlara ýük daşamak boýunça hyzmatlaryny hödürleýär
Türkmenistanyň gatnaşmagynda Owganystanda täze logistika merkezi dörediler