Türkmen sallançagy

Türkmen sallançagy

Naýbaşy gymmatlyklary döreden halkymyzyň töründe mäkäm orun alan sallançak, türkmeniň dowamat dowamy bolan çagalara niýetlenip taýýarlanylýar. Çagalygymyzyň senasyna öwrülen hüwdülerde hem: Alty ganat ak öýüň, Ýaraşygy sallançak

diýlip, nesil dowamatynyň nyşany bolan sallançagyň her bir öýde mukaddeslige deňelendigi guwanç, gyzgyn mähir bilen beýan edilýär. Gadym döwürlerde türkmen maşgalasynda sallançak ak öýüň tärimlerinden daňlyp, berk ala ýüpler bilen taýýarlanypdyr. Pagsa jaýlarda jaýyň burçundan teble kakyp, ol tebleden halka asyp, halkadan sallançagyň ala ýüpüni baglapdyrlar. Şeýdip, ata-babalarymyz öýüň dulundan maşgalanyň naşyja balasy üçin sallançak gurupdyrlar.

Ir zamanlar sallançak esasan ýüpden bolupdyr.Sallançak çaganyň başy günorta ýa-da günbatara goýlar ýaly ýagdaýda gurlupdyr. Öýüň dulundan 2,5-3 metr aralykda iki sany agaç dikip, ýörite pagta süýüminden ýa-da geçi çöpründen, goýun ýüňünden egrilen ýüpden sallançak ýasapdyrlar.

Dikilen agaçlar ýaba diýlip atlandyrylyp, esasan, söwüt agajyndan bolupdyr.Iki gat ýüpüň iki ujunyň hersini bir agaja birikdiripdirler.Sallançak gurmak üçin mährem enelerimiz yhlas siňdirip ýörite kilim, palas, hat-da haly hem dokapdyrlar. Ýüpüň iki gaty hem deň bolmaly.

Soňra sallançak palasy sallançagyň ilki ýüpüne gerip, her ýüpden bolsa, aralary açylar ýaly üç garyşdan sähel geçýän sallançak agajy germäpdirler.Sallançak agajyň agzy ýüpe iler ýaly her ujuny köwüpdirler.

Sallançak palasy gowşap, ýer sürpäp durmaz ýaly, iki tarapyndan berk edip, ýogyn sapakda temen bilen tikip, sallançak agajyna berkidipdirler.Owadan alaja işip, sallançaga sallançak bagy dakypdyrlar.Sallançak ýüpüne, sallançak bagyna dürli ýüplerden gotazlar dakyp bezäpdirler.

Ony çaganyň aýak ujundan daňypdyrlar.Sallançak batly üwrelende, çaga ýykylmaz ýaly sallançagyň ortasyndan ýüp daňypdyrlar.Sallançak gurmak üçin dikilen agaçlara mör-möjek dyrmaşmaz ýaly, her tarapda dikilen agajyň düýbüni ýüň bilen sarapdyrlar. Çaganyň ýüzi ýelpeler ýaly, ýokardan matadan gurap ýelpewaç asypdyrlar. Ýelpewajyň eteginden elýeter ýerde çaga oýnar ýaly düwme, şelpe, monjuk we matadan ýasalan gurjak, aşyk asypdyrlar. Çagany göz-dilden gorasyn diýen niýet bilen yrym edip, sallançagyň ýokary gyrasynda göze ilýän ýerinden dagdan agajynyň bölegini hem daňyp goýupdyrlar.

Sallançagy sähetli gün, ýagny çarşenbe güni ýasap taýýarlapdyrlar.

XX asyryň ortalarynda türkmenlerde sallançagy agaçdan ýasamaklyk usuly peýda bolup başlapdyr.Sebäbi eýýäm XX asyryň 40-njy ýyllaryna çenli çarwa türkmen halky oturymlaşýar.Beýik Watançylyk urşundan we 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinden soňra, has takygy, asyryň 50-nji ýyllaryndan soň, çaga sany kem-kem köpelip başlaýar.

Agaç ussalary sallançak üçin dürli agaçlardan peýdalanypdyrlar.Olar agaçlary böleklere bölüp, ýonup, çaga niýetlenen ölçeglerde sallançak ýasapdyrlar.Käbir ussa sallançakda çaganyň ýatýan ýerini, ýagny, sallançagyň nowasyny (okara, gozak) hem agaçdan ýasap başlapdyr.

Onuň dört çüňkünden agajy artygrak çykaryp, ýüp daňyp, sallançagyň iki aýagyny birikdirýän, ýokardan geçýän sallançagyň depeligine daňypdyrlar.Depelik hem agaçdan bolupdyr.Sallançagyň aýaklaryny onuň süňňi gowşamaz ýaly dykyzrak, agyrrak agaçlardan ýasapdyrlar.

Sallançaklar kämil görnüşde bolmasa-da, adamlar birek-birekden görüp, oňa isleg bildirip başlapdyrlar. Çig mal ýetmezçiligi sebäpli ilki-ilkiler sallançagyň süňňi doly agaçdan bolman, ýüp bilen berkidilen ýerleri az bolmandyr.

Sallançagyň esasy aýaklary we iki aýagyň ýokarsyny birikdirýän depeligi hem-de aýaklary aşakdan birikdirýän iki birikdiriji, ýagny sallançagyň oky agaçdan bolupdyr.Olary hem bir-birine ýüp bilen ýa-da sim bilen berk daňmak arkaly ýerine ýetirilipdir.

Wagtyň geçmegi bilen senagatda agaç önümleriniň görnüşleriniň özgerip başlamagy netijesinde, sallançakdaky agaç önümleriniň möçberi köpelip ugrapdyr.Agaçlary bir-birine çüýlemek bilen, onuň görnüşlerini köpeldip başlapdyrlar. Ýagny, her ussa sallançagy özüçe işläp, kämilleşdirip ýasapdyrlar.

Ussalar öýüň iň arzyly agzasy bolan kiçijek çagajyga niýetlenip ýasalýan sallançagyň agaçlarynyň ýüzüni oýup, nagyşlapdyrlar.Soň-soňlar sallançaga reňk berip, nagyş çekmegi hem girizipdirler.Ussalar müşderiniň islegine we ýagdaýyna görä agaç sallançaklary ýasapdyrlar we sallançagyň badyny hem çaga rahat bolar ýaly derejede öwrenip, sazlap ýasapdyrlar.

XX asyryň 60-65-nji ýyllary töweregi demir senagatynyň ösüp başlamagy bilen, Türkmenistanda demirden ýasalan sallançaklar agaç sallançaklar bilen ýuwaş-ýuwaş ornuny çalşyp başlaýar.Elbetde, demirden sallançak ýasamaklyk demirçi ussalar tarapyndan ýerine ýetirilipdir.

Demirçi ussalar demriň gymmatyna dogry düşünensoňlar, ony ýerlikli peýdalanyp, sallançak ýasamakda bolelin ulanmandyrlar.Maglumatlara görä demir sallançaklar ýönekeý bir görnüşde ýasalypdyr.Ussalar gurallary bilen demri ýenjip, böleklere bölüp, ölçeg boýunça taýýarlapdyrlar.

Demirden sallançagyň aýaklaryny ýasapdyrlar, aýaklary birleşdirýän aşakdan geçýän iki sany birikdiriji bolan sallançagyň okuny inçe demirden ýasapdyrlar. Ýokardan geçýän inçe demirden ýasalan depelige bolsa nowanyň simleriniň uçlaryny egreldip, egremçe görnüşinde hallan atar ýaly sazlap goýupdyrlar.

Soň-soňlar ussalaryň hünärleriniň kämilleşmegi netijesinde, egremçeleriň orny çarhlar bilen çalşylyp, has oňaýly görnüşe getirilipdir.Sallançakda çaganyň ýatyrylýan nowasynyň (okara, gozak) gyrasyny hem inçe demirden ýasap, bir-birine sim bilen berk daňypdyrlar, eneler bolsa oňa kilim tikip, nowasyny emele getiripdirler.

Sallançak ýasamak tejribesi demirçi ussalar tarapyndan ýyl-ýyldan kämilleşip başlapdyr.Sallançaga sim görnüşindäki inçe demirden esasan, türkmen gelin-gyzlarynyň döreden tazyguýruk nagşynyň şekilini ýasap girizipdirler we ol şekil häzirki günlerimize çenli ýerine ýetirilýär.

Gadym döwürlerden häzirki günlerimize çenli, sallançagyň depeliginde dagdan agajynyň bölegini daňyp goýmak däbi dowam edip gelýär.Dagdan sallançakdaky balany gözden-dilden goraýar diýen ynanç bar.Bu barada Dagdanly taýmaz, taýsa-da duýmaz diýen nakyl hem döredilipdir.

Häzirki döwürde sallançak ýasamaklyk, ýörite sallançak ussalary tarapyndan kämil derejede ýerine ýetirilýär.Ajaýyp zamanamyzda türkmen sallançagynyň özboluşlylygyna we bezeg sungatyna üns berlip, Ýürek, Çigildem küýze, Namazlyk ýaly atlar bilen atlandyrylan bezegli görnüşleri esasy ýörgünli bolan hem-de isleg bildirilýän sallançaklardyr.

Millilige ýugrulan türkmen sallançaklary öz dürli bezeg öwüşgini bilen göreni haýrana goýýar we ol hemişe her bir türkmen öýüniň törüniň ýaraşygydyr.

Sallançagyň gadymy türkmen durmuşyndaky gurluşy:

1. Ýaba (sallançak aýak)

2. Demir teble

3. Sallançak kilim

4. Sallançak ýüpi

5. Sallançak agajy

6. Sallançak bagy

Sallançagyň XX asyryň II ýarymyndan soňky gurluşy:

1. Sallançak aýak

2. Depelik

3. Egremçe ýa-da çarh

4. Sallançak oky

5. Sallançak nowa (okara, gozak)

6.Sallançak bagy

Türkmeniň milli däp-dessurlary öz köklerini ir döwürlerden alyp gaýdýar. Bu asylly däp-dessurlar, urp-adatlar olary biri-birleri bilen has ysnyşdyryp, jebisleşdirýär. Asyrlaryň dowamynda medeni mirasyny, medeniýetini gözüniň göreji ýaly gorap, asyllylygyň nusgasy bolan milli ýörelgelerimizi nesillere miras goýan pederlerimiziň ýörän ýoly, biziň her birimiz üçin mukaddeslik mekdebidir.

Ýene degişli makalalar

Özboluşly artefaktlaryň ýygyndysy: gadymy sene ýazgysynyň täze sahypalyry
Sebitiň iň beýik arçasy Türkmenistanda
Baş arçamyz sebitiň iň beýik arçasy
Diňe 8 futbolça başartdy
Şekillendiriş sungaty muzeýinde mekdep temasyna bagyşlanan eserleriň sergisi gurnaldy
Türkiýede talyplar jemgyýetini döreden student Türkmenistanda tussaglykda saklanýar