Türkmen serhetçileriniň arasynda çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi

Türkmen serhetçileriniň arasynda çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde Watançy gerçekler atly çeper-döredijilik bäsleşigi geçirildi ― diýip, Esger gazeti habar berýär.

Her ýyl Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralýan bu bäsleşik Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mahsus Watan goragçylaryny terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň Watana wepalylyk hem-de merdanalyk bilen ak ýürekden gulluk etmeklerini gazanmak, Türkmenistanyň Prezidentiniň öwüt-nesihatlaryny we watançylyk sargytlaryny, eserleriniň many-mazmunyny şahsy düzümiň aňyna çuňňur ornaşdyrmak, şeýle hem harby bölümlerde giň dünýägaraýyşly, öz hünärine ökde, geljekde ykbalyny serhet goragyna bagyş etjek sungata höwesli serhetçi esgerleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Bu ýylky geçirilen çeper-döredijilik bäsleşigi-de, örän çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Ol iki tapgyrda guraldy. Onuň birinji tapgyry harby bölümleriň öz çäginde, bölümçeleriniň arasynda geçirildi we onda iň gowy çykyş eden çagyryş boýunça harby gullukçylardan harby bölüm boýunça topar düzüldi. Toparlaryň çykyşlary sanly ulgam arkaly seljerildi we netije çykaryldy.

Emin agzalarynyň gelen netijesi boýunça maýor Amangeldi Ilmyradowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň topary baş baýraga, podpolkownik Baýram Hümmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň topary 1-nji, maýor Döwran Aýdogdyýewiň ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Serhet institutynyň topary 2-nji, maýor Şöhrat Maminowyň serkerdelik edýän harby bölüminiň topary 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldy.

Bäsleşigiň ýeňiji toparlaryna Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de, bäsleşige işjeň gatnaşan harby gullukçylar hem höweslendirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmen türgenleriniň nobatdaky üstünlikleri
19.09.2017 | Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady