Türkmen suratkeşleriniň eserleri Turan romantizmi kitabyna girizildi

Türkmen suratkeşleriniň eserleri Turan romantizmi kitabyna girizildi

Türkmen suratkeşleriniň eserleri geçen ýyl Gazagystan Respublikasynda turan-gazak suratkeşler konsolidasiýasynyň guramagynda geçirilen Turan romantizmi atly halkara onlaýn sergisiniň netijesinde neşir edilen Turan romantizm atly iki tomdan ybarat bolan kitaba girizildi.

Bu halkara onlaýn sergide türkmen suratkeşleriniň 25-siniň eserleri görkezildi. Olardan Gunça Myradowa, Azat Myradow, Merdan Nurmedow, Zakirjan Babaýew, Toýly Çopanow, Döwletgeldi Akyýew, Rahman Rahmanow, Polat Garryýew, Mämmet Ýazmämmedow, Çarymyrat Ýazmyradow, Maral we Myrat Hojagulyýewlar, Amanmyrat Modyýew, heýkeltaraş Polat Mämiýew, zergär Şazada Orazberdiýew dagy bar.

Bu halkara onlaýn serginiň maksady taryhy kökleri uzak geçmişden gaýdýan halklaryň we ýurtlaryň ruhy we medeniýet galkynyşy boldy. Turan romantizmi kitapda Azerbaýjan, Germaniýa, Gruziýa, Gazagystan, Garagalpagystan, Türkmenistan, Türkiýe, Özbegistan we beýleki ýurtlaryň häzirki zaman sungat ussatlarynyň turan romantizmi žanryna ygrarlygygy bilen birleşdirilen eserleri bar.

Sergä gatnaşyjylar watançylyk, gahrymançylyk, mukaddeslik ýaly temalarda dürli görnüşdäki eserlerini hödürlediler.Olaryň nusgawy we häzirki zaman çeperçilik akymlarynda döreden eserleri dürli halklaryň wekilleridigine garamazdan adamzat durmuşyndaky möhüm wakalary, adamkärçilik duýgulary, ene topraga, ata Watana bolan belent söýgini görkezýär.

Halkara onlaýn sergä gatnaşan türkmen suratkeşleri hem sergide türkmen halkynyň taryhyndan söz açýan ajaýyp sungat eserlerini, ýagny türkmen halkynyň taryhyna degişli suratlaryny, döredijilik işlerini hödürlediler.

Türkmenistan: Altyn asyr web-saýtynyň habar bermegine görä, Turan romantizmi kitabyna dünýäniň 30-dan gowrak ýurdunyň awtorlarynyň 250 sany sungat eserleri ýerleşdirildi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan barada maglumatlar
'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
Çawuşogly Özbegistanyň Daşary işler ministriniň wekili bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
DIM: Türkmenistan Özbegistandaky wakalar bilen bagly goldawyny bermäge taýýar
Türkmenistan Garagalpagystandaky wakalara alada bildirýär
СООБЩЕНИЕ ДЛЯ СРЕДСТВ МАССОВОЙ ИНФОРМАЦИИ