Türkmen-täjik söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak boýunça duşuşyk geçirildi

Türkmen-täjik söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak boýunça duşuşyk geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ykdysadyýet, söwda we senagat pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň zerurlygy hem nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, işewür toparlaryň, telekeçileriň özara sergilere we forumlara işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyna üns çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanda öndürildi milli haryt nyşanynyň şekili işlenip taýýarlanyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeldýär