Türkmen talyplary 31 sany altyn medal gazandylar

Russiýa Federasiýasynyň Powolžýäniň Döwlet tehnologiýa uniwersiteti tarapyndan guralan Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasynyň iki tapgyrynda türkmen talyplary baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Olimpiada Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Sloweniýanyň 205 sany ýokary okuw mekdebinden üç müňden gowrak talyp gatnaşdy.

Talyp biliminiň gözden geçirilişi fizika, himiýa, informatika, maddalaryň garşylygy, statistika, nazary mehanika, ykdysadyýet, ekologiýa dersleri boýunça amala aşyryldy. Matematika boýunça üç tapgyr göz öşünde tutulypdyr. Onuň jemleýji tapgyry 12-13-nji maýda geçiriler.

Informatika boýunça altyn medallaryň 9 sanysyny Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň talyplary Azamat Täjiýew, Ysmaýyl Orazgeldiýew, Myrat Seýitgulyýew, Bekmyrat Ataýew, Baýramgeldi Şageldiýew, Muhammet Begenjow, Täçmyrat Saparmyradow, Yhlas Kerimow, Nurahmet Kakageldiýew dagy gazandy. Şu ders boýunça ýene iki sany altyn medala ýurdumyzyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Merdan Bagtyýarow we Şöhle Abdyýewa mynasyp boldy.

Türkmen Oba hojalyk institutynyň talyplary nazary mehanika we maddalaryň garşylygy boýunça örän ýokary bilime eýediklerini görkezdiler. Bu ders boýunça 6 altyn medala Aýzüleýha Abdyrahmanowa, Ýakup Annagurbanow, Muhammet Jumaýew, Jennet Bäşimowa, Begenç Daňatarow, Kakageldi Agajanow dagylar mynasyp boldy. Bu ugur boýunça bir altyn medaly Kuwwat Hemdemow gazandy (Türkmen oba hojalyk uniwersiteti).

Ykdysadyýet boýunça 3 altyn medal Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Bibihajar Kulyýewa, Medine Jumanazarowa we Gyzylgül Ilbaýewa dagylar ygtyýaryna geçdi.

Ekologiýa dersi boýunça Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary Şatlyk Tekäýew, Saparmuhammet Annageldiýew, Merjen Garajaýewa, şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Laçyn Durdylyýewa dagy iň gowy netije görkezdi.

Himiýa boýunça iň ýokary sylagy Akmuhammet Allamyradow, Muhammetberdi Garaýew, Ogulbagt Muhammetberdiýewa (Magtymguly adyndaky TDU), Şirin Kelowa (Döwlet Energetika instituty) we Sona Berenowa (Halkara Nebit-gaz uniwersiteti) gazandy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Merdangeldi Abdyjepbarow fizika bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdip altyn medala mynasyp boldy.

Şeýle hem ýurdumyzyň S.Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň, Halkara Ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň talyplary 40 kümüş, 55 bürünç medala eýe boldular.

The post Türkmen talyplary 31 sany altyn medal gazandylar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly talyplaryň 126-sy Açyk halkara internet olimpiadasynda öňdäki orunlary eýeledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
TÝL ― 2021: 13-nji tapgyr dürs ýerine ýetirilmedik jerime urgulary bilen ýatda galdy