Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersitetiniň geçiren matematika boýunça 15-nji Halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler. BU barada Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berilýär. Türkmen talyplary bu halkara olimpiadada dürli derejedäki medallaryň 22-sine mynasyp boldular.

Olimpiadanyň emin agzalarynyň gelen netijesine laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Jepbar Asgarowyň ýolbaşçylygyndaky şol ýokary okuw mekdebiniň topary altyn medal bilen sylaglandy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň,Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň hem-de Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň milli ýygyndylary kümüş medallaryň 11-sini we bürünç medallaryň 10-syny eýelediler.

Bäsleşik iki bölümden: blis-ýaryşdan we toparlaýyn birinjilikden ybarat boldy. Ol üç dilde: iňlis, rus we iwrit dillerinde geçirildi.

Matematika bäsleşigine dünýä ýurtlarynyň onusyndan 100 toparyň hatarynda 400-den gowrak talyp gatnaşdy. Olaryň arasynda ABŞ, Beýik Britaniýa, Belarus, Polşa, Çehiýa, Russiýa, Rumyniýa, Hindistan, Ysraýyl döwletleri bar.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-synyň talyplar ýygyndylary Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Olimpiadada Oksford uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa), G.W.Plehanow adyndaky Russiýa ykdysadyýet uniwersitetiniň, M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň (Russiýa), A.I.Kuza adyndaky Ýassy uniwersitetiniň (Rumyniýa) talyplary çykyş etdiler.

Olimpiadanyň jemi boýunça oňa gatnaşan ýurtlardan matematika boýunça gowy netije görkezenleriň 86-synyň ady bellenildi. Olaryň 22-si abraýly Halkara bäsleşiginde Türkmenistana mynasyp wekilçilik eden talyplardyr.

Ýene degişli makalalar

Robotlar öňümizdäki 10 ýylyň içinde öý işleriniň 39 göterimini ýerine ýetirer
Türkmenistan dizel ýangyjynyň bahasy iň arzan ýurtlaryň hataryna girdi
Wagtyň ölçegi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim
26.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl 9. Ylym we bilim
Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär