Türkmen talyplaryna iberip bolýan puluň möçberi 'artdyryldy', ýöne käbir kynçylyklar saklanýar

Türkmen talyplaryna iberip bolýan puluň möçberi 'artdyryldy', ýöne käbir kynçylyklar saklanýar

Belarusda we Russiýada okaýan türkmen talyplaryna Türkmenistandan her aýda iberip bolýan puluň möçberi 50 dollardan 200 dollara çenli ýokarlandy diýip, garaşsyz neşir "Turkmen.news" habar berýär.

Bu maglumatdan üç gün öň, Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan türkmenistanly talyp Daşoguzdaky ene-atalaryň Belarusda okaýan çagalaryna pul ibermekde kynçylyklara sezewar bolýandygy barada habar berdi.

Garaşsyz neşiriň 23-nji fewralda çap eden maglumatyna görä, Belarusdaky we Russiýadaky türkmen talyplaryna iberip bolýan puluň möçberi fewral aýynyň ortalarynda ýokarlandyryldy. Beýleki ýurtlar bilen bagly ýagdaý heniz nämälim bolmagynda galýar.

"Belarusda eýýäm köp talyp hiç hili kynçylyksyz 200 dollaryny almagy başardy. Bu ýurtda Türkmenistanyň "Daýhanbanky" we "Halkbanky" tarapyndan berlen Visa kartlary işleýär. Iberilýän puluň möçberi ilkibada 100 dollara, soňra 200 dollara çenli ýokarlandyryldy" diýip, neşir ýazýar.

2016-njy ýylyň başynda Türkmenistanda dollaryň resmi söwdasy berk çäklendirildi. Bu çäklendirmeler ýurtda walýutanyň gara bazarynyň emele gelmegine getirdi. Ýurduň Merkezi banky 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri dollaryň resmi alyş-çalyş bahasyny 3,5 manatlygynda saklap gelýärkä, onuň gara bazardaky nyrhy azyndan bäş esse gymmatlygynda galýar.

Bu çäklendirmäniň fonunda, türkmen hökümeti ene-atalara kesgitli möçberdäki pul serişdesini resmi kursdan walýuta çalyşmak arkaly, daşary döwletlerde okaýan çagalaryna ibermek mümkinçiligini döretdi. Ýöne ene-atalaryň köpüsi bu mümkinçiligiň kadaly işlemeýändigi, çagalaryna pul iberip bolmaýandygy ýa-da olaryň ugradylan puly alyp bilmeýändigi barada ýyllarboýy maglumat berip gelýärler.

"Turkmen.news" neşiri Russiýada ýagdaýyň has çylşyrymlydygyny belleýär. Neşir 2022-nji ýylda girizilen sanksiýalar sebäpli, häzirki wagtda türkmenistanly ene-atalaryň diňe "Raffeisenbankda" bank hasaplaryny açdyran çagalaryna pul iberip bilýändigini aýdýar.

"Talyplaryň ählisi bu bankyň kartyny almaly bolýar. Bu proses uzaga çekýär, bank köp resminama talap edýär. Mundan başga-da, pul iberilende komissiýa alynýar, talyplar ellerine bary-ýogy 192 dollary alýarlar" diýip, neşir ýazýar.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada ýurt içindäki habarçylaryndan we çeşmelerinden häzirlikçe goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Ýöne bu maglumatdan üç gün öň, 20-njy fewralda Azatlyk bilen habarlaşan türkmenistanly talyp Daşoguzdaky ene-atalaryň Belarusda okaýan çagalaryna pul ibermekde kynçylyklara sezewar bolýandygyny habar berdi.

"Gubadag etrabyndaky ene-atalarymyz Visa kartymyza pul geçirip bilmän kösenýärler. "Daýhanbankyň" welaýatdaky we etrapdaky şahamçalarynyň başlyklary hem-de hasapçylary ene-atalarymyzdan para soraýarlar. Olar ene-atalarymyza 500 manat bermeseň, limit ýok diýip, üç aýdan bäri Visa kartymyza pul salyp bermeýärler" diýip, türkmenistanly talyp aýtdy.

Ol munuň bilen bagly Belarusda okaýan türkmenistanly talyplaryň köpüsiniň örän kösenýändigini aýdyp, redaksiýamyzdan bu maglumatlary köpçülige ýetirip bermegi sorady.

Azatlygyň bu aýdylanlar barada "Daýhanbankyň" Daşoguzyň welaýat merkezindäki we Gabudagdaky şahamçalary bilen habarlaşamak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.

Ýöne käbir ene-atalaryň Türkmenistandan pul ibermekde kynçylyk çekýändigini "Turkmen.news" neşiri hem tassyklaýar. Neşir Russiýadaky türkmenistanly çeşmelerine salgylanyp, munuň üçin olardan para soralýandygyny belleýär.

Türkmenistanly talyplar we olaryň ene-atalary häkimiýetleriň pul ibermek mümkinçiliklerini yzygiderli çäklendirýändigi, käte bu hyzmatdan peýdalanmak üçin para bermäge mejbur bolýandyklary barada onlarça gezek habar berdiler. Bu çäklendirmeler köp talybyň okuwdan çykarylmagyna ýa-da okuwy terk etmegine hem getirdi.

Türkmenistanlylar esasan Russiýa, Belarus, Türkiýe ýaly döwletlerde ýokary bilim almaga ýykgyn edýärler. Russiýanyň esassyz Ukraina çozmagyndan ozal, türkmen talyplary üçin Ukrainadaky ýokary okuw jaýlary hem esasy ugurlaryň biri bolup durýardy.

Türkmen häkimiýetleri bu ýurtlarda okaýan türkmenistanly talyplaryň sany baradaky statistikany köpçülige mälim etmeýärler, şeýle-de olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny hem agzamaýarlar.

ÝUNESKO-nyň sanlaryna görä, 68 müň 232 türkmenistanly daşary ýurtlarda bilim alýar. Onda türkmen studentleri üçin Russiýanyň birinji orunda, Türkiýäniň ikinji orunda we Belarusyň üçünji orunda durýandygy görkezilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanlylar bank kartyny almak üçin azyndan alty aý garaşmaly bolýarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Pul ibermekdäki kynçylyklar daşary ýurtda türkmen talyplarynyň okuwdan çykmagyna, gyzlaryň 'ten satmagyna getirýär'
Halkbank PTB mobil banking ulanyjylary boýunça Türkmenistanda öňdeligi eýeledi
Halkbank Mobilbank hyzmatyndan peýdalanýan müşderileriniň sany boýunça liderlik edýär
Daýhanbank POS-terminallarynyň sany boýunça Türkmenistanda ilkinji orunda