Türkmen tarapy Russiýada LSD tabletkalary bilen tutulan resmisini çykarmak üçin 'uly tagalla' edýär

Türkmen tarapy Russiýada LSD tabletkalary bilen tutulan resmisini çykarmak üçin 'uly tagalla' edýär

“Türkmen Demirýollary” kompaniýasynyň baş direktory Hydyr Rahmanow we onuň ýoldaşy Moskwanyň Domodedowo howa menzilinde tutulaly bäri bir aýa golaý wagt geçdi. Neşeli derman serişdeleri bilen ele salnyp tussag edilen ýokary derejeli türkmen resmisini boşatmak boýunça Türkmenistan tarapyndan edilýän tagallalar barada goşmaça maglumatlar peýda boldy.

Resminiň boşadylmagy bilen Türkmenistanyň ýörite gulluklary we daşary işler ministri Reşet Meredowyň özi meşgullanýar diýip, Turkmen.news neşiri 12-nji noýabrda habar berdi.

Garaşsyz neşiriň maglumatyna görä, Rahmanowy jenaýat jogapkärçiliginden "halas etme" işleri bilen onuň ýegeni we Türkmenistanyň howpsuzlyk gullugynyň wekilleri meşgullanýar. Olar golaýda Orsýetiň güýç gulluklary bilen gepleşik geçirmäge geldiler diýlip maglumatda aýdylýar, emma tutulan resminiň ýegeniniň käriniň belli däldigi bellenýär.

Türkmen resmisi we onuň zenan ýoldaşy 4-nji oktýabr gijesi "S7 Airlines" uçary bilen Aşgabatdan Moskwa uçup barypdy. Jübüdiň şahsy zatlarynyň barlagy netijesinde bikanun neşe serişdeleri ýüze çykaryldy.

Domodedowo howa menzilinde gümrük gözegçiliginde özüni göze düşgüç alyp baran aýal ofiserleriň ünsüni özüne çekdi. Olaryň şahsy zatlarynyň barlagy mahalynda sintetiki psihoaktiw madda bolan LSD tabletkalary tapyldy” diýip, "Turkmen.news" 31-nji oktýabrda habar beripdi. Maglumata görä, Rahmanow aşgazan-içege keselleri bejermek üçin Ýesentuki şäherine barmagy planlaşdyrypdyr.

Şol bir wagtda, "Demirýollary" kompaniýasynyň başlygynyň aladasyny edýän diňe bular däl diýlip, garaşsyz neşiriň maglumatynda bu ugurdaky tagallalary Türkmenistanyň daşary işler ministri, hökümet başlygynyň orunbasary Raşid Meredowyň hut özüniň utgaşdyrýandygy aýdylýar.

Meredow Rahmanowyň tussag edilendigini şol günüň özünde bilip, derhal Russiýadaky türkmen ilçisi Esen Aýdogdyýewe telefon etdi, ilçi bolsa "Türkmenistan" žurnalynyň we "Turkmenistan.ru" web sahypasynyň baş redaktory Mihail Pereplesnin bilen habarlaşdy. Olar Rahmanowy çalt we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni çekmezden azat etmäge synanyşdylar diýip, “Türkmen.news” ýazýar.

Geçen hepde Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýewiň bu meseläni ýumşatmak synanyşyklaryna garamazdan, Domodedowo şäher kazyýetiniň kazysy Dina Hansiniň Rahmanowy 3-nji dekabra çenli tussaglykda saklamak barada karar çykarandygy habar berildi.

Azatlygyň çeşmeleri türkmen tarapynyň Rahmanowy "çykarmak üçin äşirt uly işleri geçirýändigini" aýdýarlar.

"Häkimiýetler ony derňew tussaghanasyndan çykarmak üçin ummasyz tagalla edýärler we suda ýol bermejek bolýarlar. Onuň ýanyndaky neşeli serişdeleriň mukdary örän uludy we Türkmenistanda serişdeleriň şeýle uly mukdarynyň nireden gelendigi we elýeterliligi häkimiýetleri gyzyklandyrýar. Rahmanowyň ýanynda tapylan serişdeler 12-15 ýyl aralygyndaky tussaglyga çekýär" diýip, anonimlik şertinde gepleşen çeşme aýtdy.

Şeýle-de, ýagdaýdan habarly bu çeşme: "Rus häkimiýetleri ony saglyk barlagyndan geçirmegi talap edipdir, emma Rahmanow boýun gaçyrypdyr" diýdi.

"Ýene bir problema, türkmen häkimiýetleriniň özleri hem hyzmatdaşlykdan boýun gaçyrýarlar. Nädip şeýle uly mukdarly serişdeler aeroportda geçirilýär, ýurduň terroriýasynda dermanyň şeýle mukdary nireden we nädip tapylýar. Bu ýerde tabletkalaryň 100-den gowrak dozasy barada gürrüň gidýär" diýip, çeşme aýdýar.

4-nji oktýabrda Domodedowo aeroportunyň gümrükhanasynda LSD bilen saklanan we Russiýada deslapky tussaghanada saklanýan Hydyr Rahmanow derňew dowam edýänçe 4-nji dekabra çenli tussag astynda bolar diýip, Turkmen. news habar berýär.

Türkmen resmisi günäli tapylan ýagdaýynda rus kanunçylygy esasynda 20 ýyla çenli türme tussaglygy höküm edilip bilner.

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi, Russiýadaky ilçihanasy we beýleki döwet edaralary tarapyndan resmi teswir bolmady.

Turkmen.news-yň maglumatynda "Demirýollary" açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Hydyr Rahmanowyň özüniň resmi wezipesini ýaşyrmaga synanyşandygyna ünsi çekýär.

Neşiriň çap eden sudýa Dina Hansi tarapyndan gol çekilen kararyň nusgasynda Rahmanowyň iş ýeri "Halkara Turkmen Logistics" kompaniýasy hökmünde görkezilýär we ol ýerde onuň adaty logist bolup işleýändigi aýdylýar.

Emma neşiriň çeşmeleriniň maglumatyna görä, Haýdyr Rahmanow kompaniýada diňe logistika boýunça hünärmen bolup işlemän, eýsem onuň eýesi bolup dur. Kazyýet resminamalarynda hem ol kompaniýanyň esaslandyryjysy hökmünde görkezilýär. Garaşsyz neşir Rahmanowyň şol bir wagtda döwlet emeldary hem bolup durýandygyny belleýär we onuň bu maglumaty rus kazyýetinden gizlejek bolandygyny öňe sürýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň maglumat bazasyna görä, Hydyr Rahmanow “Demirýollary” paýdarlar jemgyýetiniň direktory bolup işleýär. Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti diýlip atlandyrylýan edara Türkmenistanyň tutuş döwlet demirýol infrastrukturasynyň esasy operatory bolup durýar.

"Demirýollary" kompaniýasy 2020-nji ýylda şol wagtky prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen "Türkmedemirýollary" agentliginiň (häzirki Demirýol ulaglary ministrligi) binýadynda döredildi. Kompaniýa ýurduň demirýol infrastrukturasynyň bir bölegine eýeçilik edýär: ýolagçy we ýük daşamak işlerini alyp barýar, köprüleri we beýleki desgalary gurýar.

Hydyr Rahmanow kompaniýa döredileli bäri oňa ýolbaşçylyk edýär. "Turkmen.news"-yň habaryna görä, onuň dogany Arkaç Rahmanow Türkmenistanyň prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň ofiseri.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen ýörite gulluklary we DIM-i "Orsýetde saklanan demirýol ketdesini boşatjak bolýar"
Diňle: Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly yzarlanýandygyny aýdyp, maşgalasynyň howpsuzlygyndan aladalanýar
Ne gol geçirýär, ne-de gol geçirdýär 4 duşuşygy hem golsuz tamamlandy
Mary welaýatynda Täze ýyl mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri geçiriler
5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Ussat sazanda, halypa mugallymyň ýagty ýadygärligine geçirilen konsert