“TÜRKMEN TEATR SUNGATY” FESTIWALYNYŇ ÝAPYLYŞ DABARASY

“TÜRKMEN TEATR SUNGATY” FESTIWALYNYŇ ÝAPYLYŞ DABARASY

Türkmen teatr sungaty atly festiwalynyň ýapylyşy özboluşly dabaralara beslendi.Günüň birinji ýarymynda ýurdumyzyň belli artistleri, medeniýet we sungat ussatlary, teatr muşdaklary gözel paýtagtymyz Aşgabatda bäş günläp dowam eden Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna jemlendiler. Ýapylyş dabarasynyň başynda ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleriniň gatnaşmagynda Arkadagly Serdar bilen Hakdan ýalkanan Watan atly edebi-çeper çykyşa tomaşa edildi.

Soňra Türkmen teatr sungaty atly teatr festiwalynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegi üçin döredilen ajaýyp mümkinçilikler üçin halypa artistlerimiziň birnäçesi çykyş edip, Garaşsyz ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň ösdürilmegine giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Festiwalyň ýapylyş dabarasyna işjeň gatnaşan ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik işgärlerini Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlaryny, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary bilen sylaglamak dabarasy has täsirli geçdi.Festiwalyň tejribeli emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň döredijilik topary: “Watan buýsanjy Jelaleddin soltan” atly sahna oýny üçin I orna, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň döredijilik topary: “Nuhuň gämisi” atly sahna oýny üçin II orna, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary: “Türkmeniň ýoly” atly sahna oýny üçin III orna mynasyp boldular.

Mundan başga-da teatr sungatynyň ençeme sahna ussatlary ýörite baýraklar bilen sylaglanyldy. “Iň gowy sahna eseri üçin” ýörite baýraga Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň edebiýat dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy Gowşutgeldi Daňatarow, “Iň gowy režissura üçin” ýörite baýraga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň režissýory Aýnazar Batyrow, “Zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin” ýörite baýraga Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti Amanbibi Abdyrahmanowa, “Erkek keşbini iň oňat ýerine ýetirendigi üçin” ýörite baýraga A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Magtymguly Gurbanow, “Suratkeşiň iň oňat işi üçin” ýörite baýraga Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň suratkeşi Mekan Annamyradow hem-de Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň suratkeşi Merjen Çaryýewa, “Iň oňat saz bezegi üçin” ýörite baýraga Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň saz bölüminiň müdiri Şatlyk Amannepesow, “Kiçi göwrümli keşbi iň oňat ýerine ýetirendigi üçin” ýörite baýraga Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artisti Akjagül Suwhanowa, “Iň ýaş zehin üçin” atly baýraga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Mähri Esenowa, “Tomaşaçynyň söýgüsini gazanandygy üçin” ýörite baýraga Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Tirkiş Akmyradow mynasyp boldy.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan teatr festiwalyna gatnaşyp, has tapawutlanan sahna ussatlarynyň 12-si: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti, režissýory Gülälek Akmyradowa, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň baş suratkeşi Maksat Amangylyjow, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň artisti Begenç Garlyýew, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti Çaryýar Annamyradow, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň edebiýat-dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy Öremyrat Öwezow, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Kakageldi Garajaýew, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artisti Aýna Jumaýewa, Türkmenistanyň döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň Türkmen äheňleri estrada-simfoniki orkestriniň ỳokary derejeli orkestriň sazandasy Serdar Haýdarow, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahna ussady Batyr Çaryýew, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahna ussady Aýnabat Sylapowa, Teatr suratkeşi Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Batyr Bekmyradow hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Miras” teleradioýaýlymyň Syýasy-jemgyýetçilik bölüminiň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Gülöwser Sopyýewa höweslendiriji baýraklar bilen sylaglandy.

Bu günki gün üstünlikli tamamlanan Türkmen teatr sungaty“ atly teatr festiwaly türkmen tomaşaçylaryna we oňa gatnaşyjylara köpsanly tolgundyryjy ýatlamalary, täze açyşlary bagyş etdi.Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary we onuň myhmanlary ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň döreden ajaýyp sahna eserlerine tomaşa etdiler.

Sahna eserleriniň görkeziliş dabaralarynyň ýokary döredijilik ruhuna eýe bolmagy ýurdumyzda milli teatr sungatymyzyň ýokary derejede ösüşiniň ýene-de bir aýdyň tassyklanmasyna öwrüldi.Teatr festiwalynda daşary ýurt teatrlarynyň ýolbaşçylary we döredijilik toparlary wideoaragatnaşyk arkaly çykyş edip, festiwalyň ýokary derejede geçirilmegi bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle festiwallaryň geçirilmeginiň birek-birekden tejribe alyşmakda örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.

Bu şatlykly dabarada teatr bäsleşiginiň üstünlikli geçmegi Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyz Türkmen teatr sungaty atly teatr festiwalyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly: Biziň wezipämiz sahna ussatlarynyň ýoluny mynasyp dowam etdirjek ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ündew-nesihatlaryňyzdan ugur alyp, festiwalyň dowamynda halypa-şägirt mekdebiniň ýörelgelerini dabaralandyrmaga, özara tejribe alyşmaga, artistleriň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmäge giň mümkinçilikler döredildi.Munuň özi, teatr artistleriniň medeniýet we sungat boýunça gözýetiminiň giňelmegine, teatr sungatyny toplumlaýyn ösdürmäge hem-de giňişleýin wagyz etmäge, artistleriň, režissýorlaryň, dramaturglaryň döredijilik gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna we pugtalanmagyna, birek-birekden öwrenmeklerine, pikir alyşmaklaryna, öz hünärlerini kämilleşdirmeklerine, täze ýaş zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam etdi.

Festiwalyň ýapylyş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmen teatr sungaty atly teatr festiwalyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi kabul edildi.Festiwala gatnaşyjylar Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda teatr sungatyny ösdürmek, sahna sungaty arkaly şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, döwletlilik ýaly nurana ýörelgelerimize ygrarly bolup dowam etdirmek, özboluşly däp-dessurlarymyzyň sarpasyny belende götermek, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, röwşen geljegini dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň has-da dabaralanmagy babatdaky uly goldawlaryňyz üçin Size tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar.

Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň mydama belent, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.Agamyrat BALTAÝEW

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
12.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
15.11.2019 | Resmi habarlar
Resmi habarlar