Türkmen teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy

Türkmen teatry halkara festiwalyň ýörite Diplomyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry şu ýylyň 1 — 4-nji noýabry aralygynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalynyň ýörite Diplomy bilen sylaglandy.

Ýeri gelende ýatlatsak, teatryň döredijilik topary festiwalda Leýli — Mejnun dessany esasynda Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasy boýunça sahnalaşdyrylan Söýgi we hasrat atly oýun bilen çykyş etdiler.

Festiwalyň guramaçylary tarapyndan oňa gatnaşýan ýurtlaryň döredijilik toparlaryna ýörite Diplomlar gowşuryldy. Şol sanda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň ýolbaşçysy Myrat Aradowa hem TÜRKSOÝ-yň I halkara teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygy üçin hem-de türkmen artistleriniň festiwalda üstünlikli çykyş edendigi üçin Diplom gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda habar berildi.

Mundan ozal Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Gülnabat Abdullaýewanyň halkara festiwalyň Iň gowy zenan keşbi üçin baýragyna mynasyp bolandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Parahatçylygyň ýaş çaparlary atly taslamasynyň V möwsümi tamamlandy
Türkmen medeniýetiniň belent sarpasy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Gahryman Arkadagymyz Hakyda göwheri atly kitabyny ýazyp tamamlady
Türkmen wekiliýeti Ankara şäherinde geçirilen çärelere gatnaşdy
Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini ýubileý medaly bilen gutlady