Türkmen telekeçileri daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen şertnama baglaşdylar

Türkmen telekeçileri daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen şertnama baglaşdylar

19-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli ýurduň dürli künjeginde iş alyp barýan hususy düzümleriň 230-dan gowragyny bir ýere jemläp, üç gün dowam eden sergi öz işini tamamlady.

Bu waka bilen baglanyşykly geçirilen maslahat hususy pudakda geçen döwrüň dowamynda gazanylan üstünliklere ser salyp, geljekde öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy.Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, özara tejribe hem pikir alyşmagyň, täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň amatly meýdançasyna öwrülen serginiň dowamynda telekeçilerimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň giň toplumlary, olaryň önümçiliginde ornaşdyrylýan täze innowasion usullar bilen tanyşdyrdylar.

Giň gerimli forumda ýurduň hususy düzümleri bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna, ähtnamalara gol çekildi.Hususan-da, Bagdan hojalyk jemgyýeti bilen Türkiýäniň Bulutlar Kuruyemiş Tarim kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama mekgejöwen çipsilerini, pisse maňyzlaryny, lukumlary, wafli kökelerini, süýjüleri doganlyk ýurda eksport etmegi göz öňünde tutýar.

Hojalyk harytlaryny öndürmek üçin himiýa serişdelerini satyn almak maksady bilen, Täç hil hususy kärhanasynyň we Türkiýäniň Ostan Grup Diş Tijaret A.Ş.kompaniýasynyň arasynda hem şertnama gol çekildi.

Belli tilsimat hojalyk jemgyýeti bilen Sinergiýa kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen resminamalar maglumat tehnologiýalary ulgamynda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Ýurduň hususyýetçileriniň 29 müňe golaýyny özüne birleşdirýän Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli geçirilen forumyň ýapylyş dabarasynda oňa işjeň gatnaşan telekeçilere diplomlar gowşuryldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň sergisinde hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi
Türkmen kärhanalary birnäçe daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşdylar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň durky täzelener
Deňiz ýakasy we iri taslamalar
Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy