Türkmen telekeçisi “Ak çeşme” haryt nyşanly mesge ýagyny öndürip başlady

Türkmen telekeçisi “Ak çeşme” haryt nyşanly mesge ýagyny öndürip başlady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy telekeçi Berdimuhammet Çaryýewiň süýt önümleri öndürýän kärhanasynda “Ak çeşme” haryt nyşany bilen täze görnüşli mesge ýagy öndürilip başlandy.

Kärhananyň hünärmeniniň TSTB-niň 16 ýyllygyna bagyşlanyp şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda geçirilen serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren interwýusyna görä, “Ak çeşme” haryt nyşanly we täze görnüşli mesge ýagy şu ýylyň mart aýynda öndürilip başlandy we ýurduň söwda nokatlaryna satuwa çykaryldy.

Telekeçi Berdimuhammet Çaryýewiň Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Täze durmuş daýhan birleşiginde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda täze önüm iki agramda öndürilýär.

Häzirki wagtda bu kärhanada gaýtdan işlenen süýt we süýt önümleriniň 20-den gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Olaryň arasynda mesge ýaglary, doraglaryň dürli görnüşleri, çekize, uýadylan gaýmak, sary ýag, gatyk, peýnir, aýran, ýogurt ýaly önümler bardyr.

Bu kärhanada ornaşdyrylan Hytaýyň öňdebaryjy tehnologiýaly enjamlary süýt we süýt önümleriniň her günde ençeme tonnasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly - ynsan köňlüniň çyragy
Türkmenistanyň Prezidenti obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä belledi
Türkmenistanda hususy süýt önümçiligi artýar
Berdimuhamedow atasynyň doglan obasynda hassahana açyp, ýurtda koronawirusyň ýokdugyny tekrarlady
Üstünliklere beslenen 
halkara maslahat
Gökdepä $1 million pul baýragy berildi, Berdimuhamedowyň atasy ýatlandy