Türkmen telekeçisi: Türkmenistandaky ýyladyşhanalaryň 95%-i pomidor önümçiligine ýöriteleşendir

Türkmen telekeçisi: Türkmenistandaky ýyladyşhanalaryň 95%-i pomidor önümçiligine ýöriteleşendir

Häzirki wagtda Türkmenistan boýunça ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 800 gektar töweregi bolup, şolaryň aglaba bölegi, ýagny 95 göterimi pomidor önümçiligine ýöriteleşendir. Şeýle-de 600-650 gektara golaý täze ýyladyşhanalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Bu barada telekeçi Döwletgeldi Ballyýew duşenbe güni “Biznes Reklama” gazetinde çap edilen makalasynda aýdýar.

Türkmenistanda pomidoryň esasan üç görnüşi ekilip, olar hoşa (salkym), gülgüne we üljepisint (çerry) görnüşleridir. Hoşa görnüşli sortlardan “marwelans”, “altes”, “profans”, gülgüne görnüşli sortlardan “pinkparadise”, “fujimario” sortlary ekilýär. Türkmen telekeçileri döwrebap ýyladyşhanalaryň her gektaryndan ortaça 250-300 tonna, sowadyjy enjamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň her gektaryndan bolsa 400-450 tonna çenli hasyl alýarlar.

Makalada bellenişine görä, türkmen telekeçileri 2021-nji ýylda pomidoryň 71 müň tonnasyny, 2022-nji ýylda 104 müň tonna golaýyny daşary ýurtlara eksport etdiler. 2023-nji ýylyň başyndan bäri bolsa bu görkeziji 103 müň tonna golaý boldy. Netijede, häzirki wagtda Türkmenistan Russiýany, Gazagystany, Gyrgyzystany pomidor bilen esasy üpjün edijileriň hatarynda orun aldy.

Makalada marketing we mahabat işlerini geçirmek arkaly geljekde BAE, Saud Arabystany, Katar, Oman, Bahreýn, Hindistan ýaly döwletlere tomus paslynda pomidory öndürijiler üçin oňaýly bahadan satmak mümkinçiliginiň bardygy nygtalyp, eýýäm türkmen telekeçileriniň Dubaýa (BAE) pomidoryň eksportyny ýola goýandyklary barada aýdylýar.

“Geljekde ýyladyşhanalaryň sanynyň köpelmegi bilen türkmen telekeçileriniň bazaryň talaplaryna laýyklykda, häzirki wagtda az mukdarda ekilýän hyýar, bulgar burçuň dürli görnüşlerine, badamjan, ýertudana, banan we beýleki gökbakja ekinlerine hem ýöriteleşip, olaryň uly önümçiligi ýola goýjakdygyny arkaýyn aýdyp bileris.” diýip, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Döwletgeldi Ballyýew belläp geçýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 10 aýda 14 müň tonna golaý mäş eksport etdi
Türkmenistan 2023-nji ýylda 10 müň tonnadan gowrak banan import etdi
“Hemsaýa” 10 gektar ýerde banan ýyladyşhanasyny açmagy meýilleşdirýär
Pomidor eksporty: Ýylyň başyndan bäri 103 müň tonna golaý. Türkmenistanyň bu ýyl ýene-de rekordy täzelemegine garaşylýar
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
18 adam Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy adyna mynasyp boldy