Milli aragatnaşyk hemrasynyň peýdaly işini tekeçilik esasynda alyp barmak wezipesi üstüne ýüklenen “Türkmen hemrasy” ÝGPJ-niň hünärmenleri aragatnaşyk ulgamlary toplumyny oturtdylar we 1-nji iýundan işe girizdiler, onuň kömegi bilen radiosignal özgerdilýär we FSS kanallary arkaly hemra berilýär. Indi teleport arkaly hyzmatlaryň köpüsini geçirip we paýlap bolar.
Aragatnaşyk toplumy üçin ýokary tehnologiýaly enjamlar Belgiýanyň NEWTEC kompaniýasy, ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Kanadanyň, Beýik Britaniýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň kompaniýalary ýaly dünýäde öňdebaryjy hemra enjamlaryny öndürijilerden alyndy.
Häzirki hereket edýän teleport hemra kanallaryny multipleksirlemäge, olaryň modulýasiýasyna we Ku-diapazonda antennalary ulanmak arkaly retransliýasiýany amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa hemranyň mümkinçiligni üç essä golaý has netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasan nebit-gaz ulgamynda işleýän kompaniýalaryň ona golaýy türkmen teleportunyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar.RWE Dee A.G., CNPC, BKE Shelf, PETRONAS Caringly we beýleki kompaniýalar hemra aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga şertnama baglaşdylar.
Beýleki guramalar we pudak edaralary-da hemra aragatnaşygynyň mümkinçiligine gyzyklanma bildirýärler.Hususan-da, Seýsmologiýa instituty ýokary tizlikli kanallary seýsmiki stansiýalar bilen tiz aragatnaşyk üçin ulanmagy göz öňünde tutýar. Ýurdumyzyň ministrlikleri we pudak edaralary hemra gatnaşygy hyzmatlaryna birikdiriler.
Hemranyň mümkinçilikleri ony ýerüsti stansiýalaryň arasynda maglumatlary geçirmäge, ýokary tizlikli internet hyzmatlaryny etmäge, uzak aralykdan okatmaga, lukmançylyk maslahatlaryny bermäge, dürli wideomaslahatlary, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini guramaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, VSAT ulgamynyň ulanylmagy haýsydyr bir kärhananyň ýa-da guramanyň ilatly ýerlerden daşda ýerleşýän hemişelik ýa-da wagtlaýyn önümçilik meýdançalary bilen çalt aragatnaşygyny guramaga mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda geostasionar orbita çykarylan TürkmenÄlem 52.00 E aragatnaşyk hemrasy milli telewideniýäniň, şeýle hem TürkmenÄlem 52.00 E hemrasynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga isleg bildiren telewizion kanallarynyň gepleşiklerini-de alyp görkezilmegini üpjün edýär.
Gepleşikleri diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş Orta Aziýada, Eýranda, Türkiýede, Demirgazyk Afrikada we Ýewropanyň köp ýerlerinde alyp görkezýän türkmen hemrasy Yslam Respublikalary ýurtlarynyň we Pars aýlagy ýurtlarynyň gepleşiklerini alyp görkezýär.
Türkmen hemrasynyň transponderlerini Türkiýäniň alyp görkeziş kompaniýalarynyň kärendesine almagy babatda gepleşikler geçirilýär. Şeýle hem Ýewropa kompaniýlary bilen korporatiw pudagyň hemra ulgamlaryna hyzmaty babatda hem gepleşikler geçirilýär.Hemranyň işjeň aragatnaşyk kanallarynyň - transponderleriniň 38-si bolup, olaryň 26-syny Türkmenistan öz maksatlary üçin ulanýar, galan 12-si Space Systems International-Monaco S.A.M kompaniýasyna uzak möhlete kärendesine berildi.
Orbitada Ýerden birnäçe onlarça müň kilometr ýokarda aýlanýan TürkmenÄlem 52.00E türkmen aragatnaşyk hemrasy Garagum çölünde ýerleşýän alysdaky ilatly ýerleri aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün etdi. Obalaryň birnäçesiniň ilaty agatanaşyk we internet hyzmatlaryndan gije-gündüziň dowamynda peýdalanyp bilýär. Bu alys ýerleri “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşygy döwlet kompaniýasy we “Türkmen hemrasy” ÝGPJ alysdaky ilatly ýerleri hemra retranslýatoryna birikdirdiler.
VSAT tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi ýurtda hemra aragatnaşygyna täze mümkinçiliklere itergi berer. Türkmen hünärmenleriniň öňünde taslamadan aňryçäk derejede netijeli peýda almak üçin älem aragatnaşygynyň milli ulgamynyň ilkinji hemrasynyň ähli mümkinçiligini herekete getirmek wezipesi durýar.