Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen ATF-niň halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmen tennisçileri Bahreýnde geçirilen ATF-niň halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanly tennisçi gyzlar şu gün Bahreýniň Isa-Taun şäherinde tamamlanan 14 ýaşdan uly bolmadyk türgenleriň arasynda geçirilen A derejeli halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler.Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 17 ýurduň wekilleri gatnaşdy.

On iki ýaşly Sülgün Işangulyýewa iordaniýaly A.Gokaşawa garşy oýnan oýnunda kümüş medal gazandy.Bu üstünlige ýetmek üçin, türkmen-iordaniýa jübüti russiýaly T.Korotçenkony we Taisiýa Zubkowany 6:2, 6:0, Obri Kadirden (Indoneziýa) we Zara Firmandan (Malaýziýa) ybarat halkara jübütligi 6:2, 6:2 hasabynda ýeňdi, ýarym finalda bolsa hindistanly Padmapriya Rameş we Şazfa SK jübütlerine garşy 4:6, 7:6(1), 10:6 hasabynda erkin ýeňiş gazandy.

Finalda S.Işangulyýewa we A.Gokaşau rus-eýran jübütligi S.Himmelreýh we Aýlin Mohammadiandan 3:6, 3:6 hasabynda asgyn gelip, ikinji orny eýelediler. Ýekelikdäki ýaryşda baýraklar ugrunda gyzlaryň arasynda örän dartgynly göreş boldy.

Bu ýerde meýdança bahreýnli, gonkongly, hindistanly, indoneziýaly, iordaniýaly, eýranly, gazagystanly, hytaýly, gyrgyzystanly, malaýziýaly, russiýaly, saud arabystanly, ABŞ-ly, türkmenistanly, özbegistanly, filippinli we ýaponiýaly türgenler çykdylar.Bu ýaryşda ildeşlerimiziň iň gowy netijesini Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Näzli Hudaýgulyýewa gazandy.

Ol ilkinji duşuşygynda Jaani Bhandarini (Hindistan) 6:0, 6:4 hasabynda, ikinji duşuşygynda russiýaly S.Himmelreýhi 6:4, 6:0 hasabynda, üçünji duşuşygynda bolsa Hindistanyň Şazfa SK-ny üç setde 7:6(6), 3:6, 6:4 hasabynda ýeňdi. Ýarym finalda Näzli ýaryşyň ýeňijisi Meňsýao Liden (Hytaý) 1:6, 4:6 hasabynda ýeňildi, üçünji orun ugrundaky duşuşykda bolsa Çiho Şiraýadan (Ýaponiýa) 5:7, 2:6 hasabynda utuldy we ilkinji dörtlüge düşmegi bilen ylalaşmaly boldy.

Bu, 19-njy fewralda ýaňy bir 13 ýaşy doljak N.Hudaýgulyýewa üçin ATF Bahrain 14 & Under Category A bäsleşikli ýaryşda gazanylan gowy netijedir.Belläp geçmeli zat, ATF Bahrain 14 & Under Category A görkeziji ýaryşlarynyň biri bolmak bilen, onda üstünlik gazanmak ýylyň netijesi boýunça Wimbledon ýetginjekler we Australian Open 2027 ýetginjekler ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berer.

Bahreýnde geçirilen ýaryşyň başynda Näzli Hudaýgulyýewa Aziýanyň ýetginjekler görkezijisinde 19-njy, Sülgün Işangulyýewa bolsa 52-nji orny eýeleýärdi.Bu ýaryşdaky utuklar jemlenenden soň, Näzli Aziýada iň ökdeleriň 10-lygyna girer diýlip, çak edilýär. Ýaşlygyna garamazdan, Näzli Hudaýgulyýewa we Sülgün Işangulyýewa birnäçe ýyl bäri Türkmenistanyň zenanlar milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler.

Geçen ýyl Fergana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň 12 ýaşa çenli türgenleriniň arasyndaky birinjilik ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň düzüminde olar taryhda ilkinji gezek özbegistanly garşydaşlaryny ýeňip, Aziýanyň finalyna çykmaga hukuk gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Tennis federasiýasy 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi
Türkmen tennisçi gyzlar Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda iki altyn medala mynasyp boldular
Günbatar we Merkezi Aziýa çempionatynda türkmen tennisçi gyzlary uly üstünlik gazandylar
Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany