Türkmen topary Aziýanyň çagalary VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşýar

27-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Russiýanyň Wladiwostokda şäherinde 13-16 ýaşly türgenleriň arasynda geçiriljek Aziýanyň çagalary VII Halkara sport oýunlaryna Türkmenistanyň topary hem gatnaşýar.

25-nji iýulda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň mejlisler otagynda ildeşlerimizi Aziýanyň çagalary VII Halkara sport oýunlaryna ugratmak dabarasy boldy. Çäräniň dowamynda ýaşuly nesliň we sport jemgyýetçiliginiň wekilleri bu möhüm ýaryşda olara üstünlikler, oýunlarda ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermegi arzuw etdiler.

Ýaryşa gatnaşmak üçin Russiýa jemi 85 adam 62 türgen, 16 tälimçi, basketbol boýunça 1 emin, şeýle hem sport görnüşleri boýunça toparlaryň wekilleri we resmi adamlar gitdiler.

Oýunlara 15 döwletden, şeýle hem Russiýanyň 8 sebitinden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar, olar sportuň 19 görnüşinde medallaryň 273 toplumy ugrunda bäsleşerler.

Türkmenistanly türgenler sportuň 9 görnüşi boýunça – 3х3 basketbolda, göreşde, ýeňil atletikada, stol üstünde oýnalýan tennisde, suwda ýüzmekde, sport göreşinde (grek-rim we erkin), ýaýdan ok atmakda bäsleşerler.

Aziýanyň çagalary VII Halkara sport oýunlary 1996-njy ýyldan bäri dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Ol Saha (Ýakutiýa) Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Mihail Nikolaýewiň başlangyjy bilen Olimpiýa hereketiniň 100 ýyllygy mynasybetli döredildi.

Aziýanyň çagalary oýunlary Olimpiýa hereketini wagyz etmegi, çagalar-ýetginjekler sportuny ösdürmegi we halkara sport hyzmatdaşlygyny berkitmegi maksat edinýär. Sport dostlugyndan Ýer ýüzünde parahatçylyga we Aziýanyň çagalary ýeňişleriň gözbaşy oýunlaryň şygarydyr.

Oýunlar alty gezek Sahada (Ýakutskide) geçirildi. Ýedinjisini 2020-nji ýylda Ulan-Batorda (Mongoliýa) geçirmek göz öňünde tutulýardy, ýöne pandemiýa zerarly geçirilmedi. Indi Aziýanyň çagalary VII Halkara sport oýunlary Wladiwostokda geçirilýär.

Aziýanyň çagalary VIII tomusky Halkara sport oýunlarynyň 2024-nji ýylda Sahada (Ýakutskide) geçiriljekdigi aýan edildi. Türkmenistanyň topary Aziýanyň çagalary oýunlaryna 2008-nji ýyldan bäri gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Ýakut kinosy girdejilerini artdyrdy
Russiýada 56 dereje sowuk hasaba alyndy
Dünýäniň iň sowuk şäheri
Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna
Dünýädäki täsin ýaşaýyş ýerleri
Daşary ýurt metbugatyna syn