Türkmen toýlarynyň we maşgala dabaralarynyň hususy wideoýazgylary polisiýadan we MHM-den geçýär

Türkmenistanda toý dabarlaryny we beýleki maşgala üýşmeleňlerini ýazgy edýän hususy operatorlar ýazgy eden materiallarynyň ählisini tassyklatmak üçin uçastok polisiýasyna we MHM-ä eltip görkezmeli.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, uçastok polisiýasynyň wideomateriallary gözden geçirmegine üç gün gidýär, şondan soň operator wideony montaž edip, ony buýran adama getirip berýär. Wideoýazgynyň güýç edaralarynyň wekillerine görkezilendigi barada hiç kim hiç zat bilmeli däl.

Bellemeli ýeri, mart aýynda wideolary diňe uçastok polisiýasy görýärdi, emma soň wideolary MHM-niň işgärlerine hem iberip başladylar. Olaryň wideony gözden geçirmegi üçin iki gün gerek bolýar. Şol bir wagtda operator toý eýelerini bu gijikmäniň esaslydygyna, buýrulan roligiň motažynyň hakykatdan hem şonça wagt alýandygyna ynandyrmaly bolýar.

Operatorlaryň sözlerine görä, MHM-niň işgärleri olardan ýöriteläp içgili myhmanlaryň gyzyp gürrüň edýän pursatlaryny ýazgy etmegi talap edýärler. Bu kadrlar gutarnykly montaž edilen widioda galdyrylmaýar, olary güýç gurluşlary alyp galýarlar.

Gurply adamlar adatça iki-üç operatory hakyna tutýarlar, olaryň her biri öz düşüren wideolaryny polisiýa we MHM-ä eltip görkezýär.Eger-de häkimiýetlere wideoda haýsydyr bir zat ýaramasa (myhmanlaryň bolşy, gyzlaryň eşikleri ýa prezidentiň portreti gyşyk asylan bolsa), material operatora uzak wagtlap gaýtarylyp berilmeýär.

Toýdaky gaharly gürrüňleri wideo ýazgysyna düşen adamlaryň haýsydyr bir kynçylyga uçrap-uçramaýandygy belli däl.Operatorlaryň çaklamalaryna görä, güýç gurluşlary şeýle usulda gurply adamlaryň garşysyna ulanar ýaly tutaryk toplaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Arkadagda suw gyzdyrýan gazanlaryň operatorlaryndan “öz islegi boýunça” bagban wezipesine geçmek talap edilýär
Robot demirýolçy işe başlady
Türkmenistan, Özbegistan we Täjigistan YYO şertnamasyny taýýarlaýar
Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Seulda geçirilen çärä gatnaşdy
AŞTU: Call center — siziň biznesiňiz üçin
Türkmenistanyň prezidenti gara awtomobilde awiabaza baryp, harby dikuçary synag etdi (foto)