TÜRKMEN-TÜRK GEPLEŞIKLERINIŇ DOWAMYNDA ULAG ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

TÜRKMEN-TÜRK GEPLEŞIKLERINIŇ DOWAMYNDA ULAG ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň edara binasynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň ulag pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikler geçirildi.

Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türk tarapyna Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministri ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministriniň orunbasarlary Ö.Fatih Saýan we S.Dursun, Türkiýäniň dürli ulag pudaklarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň, hususan-da söwda gatnaşyklaryny kämilleşdirmek üçin ulag geçelgeleriniň we howa ýollarynyň netijeli ulanylmagynyň wajyplygy barada belläp geçdiler. Ýük daşama ulgamyndaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlary barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 2-nji iýulynda üç taraplaýyn duşuşygyň dowamynda ulag ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda öňe süren başlangyçlaryna esaslanyp, türkmen tarapy ýurduň ulag ulgamyndaky ösüşine we logistika mümkinçiliklerine, şeýle-de bu ugurda amala aşyrmak üçin mümkin bolan bilelikdäki taslamalara gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Şeýle-de taraplar logistika kompaniýalarynyň ulag geçelgeleriniň ösüşindäki ornuna üns çekdiler. Bilelikdäki taslamanyň Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (LapisLazuli) halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň meselelerine aýratyn seredildi. Şular ýaly taslamalaryň sebit we halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary, ählumumy durnukly ösüşi berkitmekdäki orny barada hem bellenip geçildi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN-TÜRK GEPLEŞIKLERINIŇ DOWAMYNDA ULAG ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSÜŞI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistan ulag-logistika pudagynyň kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistanyň ýük daşamalary geçen ýyl 28% ýokarlandy
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Aýa Serhenowanyň awangard eserleriniň sergisi bilen tanyşlykdan galan täsirler
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur