
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi.
Onuň barşynda gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraply meseleler, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasynyň esasynda kabul edilen Iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.
Mejlisiň barşynda doganlyk döwletleriň ikisi üçin-de ähmiýetli bolan söwda-ykdysady, maýa goýum, bank işi, energetika, ulag-logistika, senagat we tehnologiýa, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, syýahatçylyk, daşky gurşawy goramak, şähergurluşyk, oba hojalyk we sport ulgamlary özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.