Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy

Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy

Ýakynda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Intellektual merkezinde — MDU-nyň fundamental kitaphanasynda Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň Geňeşiniň Prezidiumynyň giňişleýin mejlisi hem-de Uniwersitetler we gelejek atly halkara forumy geçirildi. Halkara çärä Hytaýyň, Wýetnamyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Liwanyň, Omanyň, Saud Arabystanynyň, Efiopiýanyň, Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 100-den gowragyndan wekiller gatnaşdy.

Bu çärä türkmen tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti wekilçilik etdi. Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň Geňeşiniň Prezidiumynyň giňişleýin mejlisine Russiýa Federasiýasynyň Ylym we ýokary bilim ministri W.Falkow, Döwlet dumasynyň ylym we ýokary bilim komitetiniň başlygynyň orunbasary W.Sipýagin, GDA-nyň Baş sekretary S.Lebedew, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Rýabkow, Rossotrudniçestwo federal guramasynyň başlygy Ýe.Primakow we beýleki hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Mejlisde M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň rektory, Assosiasiýanyň prezidenti W.Sadowniçiý we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri çykyş etdi.Halkara forumynda çykyş edenler uniwersitetleriň döredilmeginiň adamzat taryhynda möhüm waka bolandygy, hemişe jemgyýetiň möhüm we aýrylmaz bölegi bolup durýandygy, olaryň ýaşlara bilim we terbiýe bermekde aýratyn orun eýeläp gelýändigi, ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edýändigi, bütin dünýäde medeni we intellektual merkezlere öwrülendigi barada nygtap geçdiler.

Uniwersitetara hyzmatdaşlygy yzygiderli ýola goýmak, işjeňleşdirmek boýunça hem pikir alşylmak bilen, bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde uniwersitetleri birleşdirýän guramalaryň, birleşikleriň, assosiasiýalaryň ornuna aýratyn ähmiýet berildi.Hususan-da, şu ýyl döredilenine 35 ýyl dolýan, dünýäniň 11 ýurdundan 160-dan gowrak häzirki zaman uniwersitetleri özüne birleşdirýän Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasynyň işine ýokary baha berildi we bu babatdaky işleri giňeltmegiň möhümdigi bellenildi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekili öz çykyşynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda ýurduň baýry ýokary okuw mekdebi bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygynyň başlangyçlary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda talyplaryň okamagy, öwrenmegi, ylmy-barlag işlerini alyp barmagy, sport hem döredijiligiň dürli ugurlary boýunça meşgullanmaklary üçin döredilen ajaýyp mümkinçilikler barada belledi. Şeýle hem, ýurduň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, innowasion tehnologiýalar we sanly bilim boýunça tejribe alyşmagyň, medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary ilerletmegiň ähmiýeti barada nygtap geçdi.

Ýewraziýa uniwersitetler assosiasiýasy tarapyndan guralan forumyň çäklerinde ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde ýokary bilim edaralarynyň ornuny artdyrmaga gönükdirilen ikitarapalaýyn hem-de köptaraplaýyn birnäçe resminamalara gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýyn, Minnihanow Arkadag şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy, Türkmenistanda iň meşhur sürüjilik derejesi mälim edildi we beýleki habarlar
02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklaryň giňemegi boýunça maksatnamalary pugtalandyrdylar
Türkmenistan we Russiýa ynsanperwer ugurlary boýunça gatnaşyklary giňledýärler
02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa strategiki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşdylar
14.11.2019 | Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär