Türkmen we eýran wekiliýetleri Artyk gümrük nokadynda duşuşdylar

Türkmen we eýran wekiliýetleri Artyk gümrük nokadynda duşuşdylar

16-njy ýanwarda Ahal welaýat gümrükhanasynyň Artyk gümrük nokadynda Türkmenistanyň we Eýranyň serhet edaralarynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistan Döwlet gümrük gullugynyň gümrük gözegçiligini guramak bölüminiň müdiri A.Nyýazow, Eýranyň wekiliýetine bolsa Lutfabad gümrük nokadynyň başlygy jenap Korban Karimi ýolbaşçylyk etdi.

Türkmen wekiliýetiniň düzümi gümrük, migrasiýa, serhet gulluklarynyň, Türkmenawtoulaglary we Türkmendemirýollary agentlikleriniň wekillerinden, şeýle hem Türkmenulaggözegçilik döwlet kärhanasynyň müdirinden ybarat boldy. Mundan başga-da, ýygnaga Türkmenistanyň Eýrandaky Baş konsuly (Maşat şäheri), şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýatyndaky wekili gatnaşdy.

Duşuşykda taraplar Artyk—Lotfabad awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň özara ýük daşamalar babatda mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça meselelere garadylar. Şu nukdaýnazardan, Artyk—Lotfabad gümrük nokatlarynyň işgärleriniň iş wagtyny köpeltmek, sürüjilere wizany ýeňilleşdirilen tertipde resmileşdirmek meselesi hem-de ulag çykdajylary bilen bagly meselelere seredildi. Gümrük nokatlarynyň arasyndaky ýoluň Eýran bölegini abatlamak meselesi hem gozgaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmen-eýran gümrük geçelgesi işläp başlady, serhetde ýüzlerçe ýük ulagy jemlendi
Türkmenistan Eýran bilen serhedini ýapdy, ýurtda azyk bahalary galýar
Türkmen Gümrük gullugy eýran serhedi barada beýanat ýaýratdy, Meredow Hameneýiň ölümine gynanç bildirdi