Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär

Şu gün Daşoguz welaýatynyň günsaýyn gözelleşýän görkana merkezinde türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly öz işine başlaýar. Festiwalyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedow hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew öz Gutlaglaryny iberdiler.

Düýn dostluk festiwalyna gatnaşmak üçin muhmanlar Daşoguza geldiler. Toý dabaralary ýakymly duýgular, şatlykly pursatlar bilen başlandy. Hoşniýetli goňşuçylyk hem myhmansöýerlik däpleri bilen nurlanýan sungat baýramçylygy iki halkyň köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, milli öwüşginlere baý medeniýetini, sungatyny täze derejede ösdürmekde, bu ugurda hyzmatdaşlygy has çuňlaşdyrmakda täze mümkinçilikleri açýar.

Häzirki döwürde iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyga, özara bähbitlilige esaslanýan gatnaşyklar has işjeň häsiýete eýe bolýar. Ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösýän döwründe ýokary guramaçylyk derejesinde başlanan dostluk baýramçylygy ynsanperwerlik ýörelgelerini, medeni-mirasy, sungaty sazlaşykly utgaşdyrmakda hem-de baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Festiwala goňşy döwletden medeniýet işgärleri, teatr we kino, amaly-haşam sungatynyň wekilleri, aýdym-saz, tans toparlary geldiler.Toý dabaralary düýn türkmen we özbek sungat ussatlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, medeniýet işgärleriniň dünýä siwilizasiýasynyň iň gadymy ojaklarynyň biri bolan Köneürgenjiň taryhy ýadygärliklerine gezelenjinden başlandy.

Bu gadymy mekanyň taryhy keşbi myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy.

Sungat baýramçylygynyň toýly günlerinde welaýat merkezindäki Türkmeniň ak öýi binasynda iki ýurduň amaly-haşam we zergärçilik sungatynyň eserleriniň sergisi guralar.Daşoguz şäherindäki Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly-drama teatrynda Özbegistanyň Horezm welaýatynyň ugurdaş teatrynyň Alyşir Nowaýynyň Leýli — Mejnun eseri esasynda sahnalaşdyran Kaýs spektakly, demirgazyk sebitiň sahna ussatlarynyň taýýarlan Ygrar ataşy atly oýny giň tomaşaçylar köpçüligine görkeziler.

Welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde türkmen we özbek kino sungatynyň ussatlary bilen geçiriljek döredijilik duşuşygy ýakymly pursatlara beslener.Tomaşaçylar täze düşürilen türkmen we özbek filmlerine tomaşa ederler.

Daşoguz topragynda badalga alan dostluk festiwaly doganlyk halklaryň medeni gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň şöhlelenmesidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy onlaýn görnüşde petekleriň satuwyny dikeltdi, Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň mukdary artdyryldy, we Aşgabat-Serhetabat ugry boýunça demir ýol gatnawy dikeldildi
Teatr bolçulygyndaky gowy oýun, kino we tomaşaçy gytçylygy
13-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Mejlisiň başlygy ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işiniň talabalaýyk guralmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy
Türkmen-Awstriýa jemgyýeti 16 ýyldan soň ilkinji gezek Aşgabatda mejlis geçirdi