Türkmen wekiliýeti Ärdebilde geçirilen YHG agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti Ärdebilde geçirilen YHG agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 4-5-nji oktýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Ärdebil şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Syýahatçylyk ministrleriniň 5-nji duşuşygyna we ýokary derejeli hünärmenleriniň 7-nji duşuşygyna Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradow hem-de Aziýanyň merjeni hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Gurban Gurbanow gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistan üçin ähmiýeti, ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy ýadygärliklerimiz barada giňişleýin maglumatlar berildi. Duşuşyga gatnaşan myhmanlara ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini mahabatlandyryjy bukletler, žurnallar, neşir we sowgatlyk önümleri gowşuryldy.

Türkmenistandan gatnaşyjy Aziýanyň merjeni hususy syýahatçylyk kärhanasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň syýahatçylyk kompaniýalarynyň arasynda birnäçe gepleşikler geçirildi we şertnamalar baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Türkmenistan syýahatçylygyň gözýetimlerini giňeldýär
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar