Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 56-njy sessiýasyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 56-njy sessiýasyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 56-njy sessiýasyna gatnaşýar. Düýn — 10-njy aprelde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda öz işine başlan sessiýada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Ilatyň statistikasy bölüminiň başlygy Jahan Pygamowa Türkmenistana wekilçilik edýär.

1946-njy ýylda döredilen Komissiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS) düzüm birligi bolup, 1994-nji ýylda Kairde kabul edilen Ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýanyň Hereket meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine syn berýär. Kairde.

14-nji aprele çenli dowam etjek sessiýanyň gün tertibinde Ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýanyň Hereket meýilnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi, milli, sebit we dünýä derejesinde degişli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň öňde durýan wezipeleri, halkara derejesinde ylalaşylan ösüş maksatlarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly hem-de Durnukly ösüş üçin 2030-njy gün tertibinden orun alan möhüm meseleler bar.

Sessiýa ýokary derejedäki umumy çekişmeleri, ministrleriň tegelek stollaryny, şeýle-de ilatyň we ösüşiň dürli meselelerini çözjek beýleki duşuşyklary öz içine alar.

Türkmenistanyň wekiliýeti umumy çekişmäniň çäginde eden çykyşynda ýurduň milli tejribesini we ilat babatynda gazananlaryny halkara jemgyýetçiligiň dykgatyna hödürledi, şeýle hem sebitde we ählumumy derejede köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin birnäçe teklipleri beýan etdi.

Hususan-da, Türkmenistan Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamlarynyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk edendigi bellenildi.

Ilat ýazuwynyň netijeleriniň, elbetde, döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynda özgertmeleri amala aşyrmakda netijeli çözgütleriň açary bolup durýan ygtybarly we ýokary hilli statistiki maglumatlary döretmekde ulanyljakdygy bellenildi.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan 2019-njy ýylda BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 2020-2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanylypdy.

Ýene degişli makalalar

Abdel Fattah as-Sisi Müsüriň Prezidentligine saýlandy
Ysraýyl 183 Günden Bäri Gaza Ölüm Ýagdyrýar
Nahaýan Türkiýe Bilen Gatnaşyklaryň Geljegine Ynam Bildirdi
Müsürde ýüzlerçe adam näbelli kesele ýolugdy
Gurban Berdiýew Dinamo toparyna tälim berer
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny