Türkmen wekiliýeti derman serişdeleri dolandyrmak boýunça maslahata gatnaşdylar

Türkmen wekiliýeti derman serişdeleri dolandyrmak boýunça maslahata gatnaşdylar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri 2024-nji ýylyň 14 18-nji noýabrynda Nýu-Deli şäherinde geçirilen Derman serişdelerini dolandyryjylaryň 19-njy halkara maslahatyna gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Bu çäre Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) goldamagynda Hindistanyň Derman standartlaryna gözegçilik boýunça merkezi guramasy hem-de ýurduň Saglygy goraýyş we maşgala abadançylygy ministrligi tarapyndan guraldy.

Şu ýyl bu maslahata gatnaşyjylar “Akylly-başly dolandyrmak: hemmeler üçin lukmançylyk önümleriniň kepillendirilen hilini üpjün etmek” atly mowzugy ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýeti BSGG-niň hyzmatdaşlarynyň derman serişdelerine gözegçilik edaralarynyň meseleleri boýunça maslahatyna hem gatnaşdy.

1980-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän Derman serişdelerini dolandyryjylaryň halkara maslahaty tejribe alyşmak we derman serişdeleri dolandyrmakda bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamk üçin möhüm meýdança bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Saglygy goraýyş kämillik ýolunda
BSGG bilen USAID Türkmenistanda inçekesele garşy göreşiň netijeliligine baha berdi
BSGG: goh-galmagal adam saglygy üçin howply
BSGG: güýçli ses saglyk üçin zyýanly
Erdogan Türkiyäniň Palestina ynsanperwer kömek bermegi sebäpli BSGG Ýewropa sylagyna laýyk görüldi
Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri Astanada geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Sebitleýin keýs-çempionatyna gatnaşdylar