Türkmen wekiliýeti Fransiýada saparda bolýar

Türkmen wekiliýeti Fransiýada saparda bolýar

4-5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Fransiýa Respublikasynda saparda bolýar.

4-nji sentýabrda saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Fransiýanyň Prezidentiniň Kontinental Ýewropa, Türkiýe we Balkan ýurtlary boýunça diplomatik geňeşçisi Bertran Buhswalter bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň başynda R.Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň adyna iberen salamyny ýetirdi.

Gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň gün tertibi we türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde işjeňleşdirmek boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parlamentara hyzmatdaşlyk syýasy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Taraplar syýasy-diplomatik ugurda, ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri babatynda, ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdylar.

Ýene degişli makalalar

HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy
Szinpin maýyň birinji ýarymynda üç Ýewropa ýurduna sapar eder
Russiýada guralan terrorçylykly hüjüm ýazgarylýar
Gatnaşyklary strategik derejä çykarmakçy
Fransiýadan 30 Ýyl Soň Özbegistan Ilkinji Gezek Prezident Derejesinde Sapar Guralýar
Fransiýanyň Prezidenti Makron, Gazagystanda Saparda Boldy