Türkmen wekiliýeti GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen wekiliýeti GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2024-nji ýylyň 12-nji aprelinde Minskde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu mejlise Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew hem gatnaşdy.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary halkara gün tertibindäki häzirki meseleler we Arkalaşygyň formatyndaky özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar. Duşuşykda daşary işler ministrleriniň indiki mejlisiniň geçiriljek senesi we ýeri barada hem karar kabul edildi. Mejlisiň 2024-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Duşuşyklaryň barşynda Döwlet baştutanlary geňeşine hödürlenjek GDA agza ýurtlara iberilen wekiliýetleriň kanuny ýagdaýy baradaky konwensiýanyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň agzalary bu resminamany tassykladylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýakyn iki ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sport paýtagtlaryny hem kesgitlediler. Hususan-da, 2025-nji ýylda Ganja şäheri (Azerbaýjan Respublikasy) Arkalaşygyň Sport paýtagty derejesini alar; 2026-njy ýylda Almaty (Gazagystan Respublikasy) GDA-nyň sport merkezine öwrüler.

Şeýle hem GDA-nyň BMG-niň Baş Assambleýasynda synçy statusynyň berilmeginiň 30 ýyllygy bilen baglanyşykly beýannama hem gol çekildi.

Duşuşyklarda başga-da birnäçe meselelere seredildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

16-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Aşgabatdaky esasy Täze ýyl arçasy GDA-da iň beýik diýlip atlandyryldy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Belavia awiakompaniýasy Türkmenistana uçuşlaryň ýygylygyny artdyrar
Halkara gatnaşyklaryndaky rowaç menziller