Türkmen wekiliýeti HEB-niň Doly ygtyýarly maslahatynyň işine gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti HEB-niň Doly ygtyýarly maslahatynyň işine gatnaşýar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Buharest şäherinde Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) 2022-nji ýyl üçin Doly ygtyýarly maslahatynyň (PP-22) açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň saýtynyň habar bermegine görä, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) Doly ygtyýarly maslahaty her dört ýylda bir gezek HEB-iň ýolbaşçylaryny saýlamak, dört ýyllyk strategiki we maliýe meýilnamalaryny kabul etmek, telekommunikasiýa we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasy syýasatlaryny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirilýär.

Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň (HEB) 2022-nji ýyl üçin Doly ygtyýarly maslahaty (PP-22) 2022-nji ýylyň 26-njy sentýabryndan 14-nji oktýabry aralygynda dowam eder.Belläp geçsek, BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigi (HEB) dünýä derejesinde sanlylaşdyrmak ugrunda öňdebaryjy halkara gurama hökmünde çykyş edýär.

Ýene degişli makalalar

TFÇ ― 2024: 14-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2022: 16-njy tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2022: 15-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
TÝL ― 2022: 14-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Doly ygtyýarly maslahatynyň işine gatnaşýar
TÝL ― 2022: ertir 7-nji tapgyra badalga berler