Türkmen wekiliýeti “InnoTrans 2022” atly iri ulag forumyna gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti “InnoTrans 2022” atly iri ulag forumyna gatnaşýar

Ýurduň demir ýol pudagyna wekilçilik edýän türkmen wekiliýeti 20-23-nji sentýabr aralygynda Berlinde geçirilýän transport tehnologiýalaryna bagyşlanan uly halkara sergisine InnoTrans 2022-ä gatnaşýar.

1996-njy ýylda ilkinji gezek geçirilen pursatyndan tä şu güne çenli “InnoTrans” demirýol ulagy boýunça halkara sergileriniň öňdebaryjysy bolup durýar. “InnoTrans 2022” sergi zallarynyň 4-üsinde we açyk meýdanda ýerleşen 56 ýurtdan gelen 2800-den gowrak eksponenti bir ýere jemlemegi başardy.

"Türkmendemirýollary" agentliginiň wekilleri ýük daşamakda dünýädäki tehnologik täzelikler bilen tanyşdylar we Ýewropanyň belli kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler.

Şeýle hem, myhmanlarynyň hormatyna ofisiniň üçeginde Türkmenistanyň baýdagyny galdyran Techne kompaniýasy bilen gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň netijesinde “Türkmendemirýollary” agentligi bilen demirýol ýük göterijilerini öndürýän Techne kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi.

Ýeri gelende aýtsak, Techne öz taryhyny 1880-nji ýyldan alyp gaýdýan, ozal Kirow ady bilen tanalýan kompaniýanyň täze ady. Onuň ady şu hepde üýtgedilip, ol ekologiýany goramaga, döwrebaplaşdyrmaga we depginli ösüşe gönükdirilen rebrendingiň bir bölegini düzýär.

Birnäçe ýyl mundan ozal Leýpsigdäki "Kirow" zawodynyň çäginde meşhur binagär Oskar Nimeýeriň gyzyl kerpiçden gurulan binadan sallanyp duran suwuk kristal syrçaly ak reňkli demirbeton sferasyndan ybarat bolan iň soňky taslamalarynyň biri durmuşa geçirildi. Oňa “Technesphere” diýip at berdiler. Bu sözden hem “Techne” diýen at emele geldi.

Techne bilen Türkmenistanyň demir ýollarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň XX asyryň 60-njy ýyllarynda başlanandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda ýurduň demir ýollarynda dikeldiş otlylarynda EDK ýük göterijileriniň 14-üsi işleýär.

Demir ýol ulaglary gitdigiçe, torlaýyn hereketiň bir bölegine öwrülip barýar. “InnoTrans 2022” ösüşiň bu ugruny göz öňünde tutmak bilen, ony tehnologiýa we infrastruktura ulgamlarynda görkezýär.

Türkmenistanyň Germaniýadaky ilçihanasynyň ýolbaşçysy we işgärleri türkmen wekiliýetiniň saparynyň iş meýilnamasyny guramakda ýokary işjeňlik görkezdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti “InnoTrans 2022” atly iri ulag forumyna gatnaşýar
Türkmenistan we BAE port düzümini ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder
Geçen ýyl raketa uçuryşlarynyň sany boýunça rekord goýdy
Norwegiýada ilkinji elektrikli ýük gämisi suwa goýberildi
Xiaomi ikinji awtomobil kompaniýasyny esaslandyrdy
Türkmen we özbek işewürleri bilelikdäki ulag kompaniýasyny döredip bilerler