Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň täze saýlanan başlygy Matsuşita Şinpeý bilen duşuşdy.Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Matsuşita Şinpeýi Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň başlygy wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.Taraplar ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine we möhüm ugurlara degişli meselelere, hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa Ýaponiýa” parlamentara forumyny geçirmek baradaky başlangyjyny ara alyp maslahatlaşdylar garadylar. Şeýle hem iki ýurduň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýokary derejeli hyzmatdaşlygy saklamak boýunça teklipler alşyldy.

Ýene degişli makalalar

27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
28.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
Tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod
Sindzo Abe Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýubileýi mynasybetli sylaglanan medaly gowşuryldy
Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrýar
Ýaponiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär